Nowruz täzelenişiň, musulman dünýäsinde täze ýylyň, täze günüň gelendigini aňladýan, gadamy hem milli baýramdyr. Nowruzyň gelmegi bilen tebigat ýaşyl begrese beslenip, daş-töweregimizde gyzyl-ýaşyl güller açylyp, tebigatyň gözel keşbe girýän günlerinde gözel Diýarymyzda Nowruz baýramçylygynda her öýde 7 dürli tagam taýýarlanyp dogan – garyndaşlara, goňşy – golamlara dadyrylýar. Bu milli baýramçylykda täze egi-eşik geýmek, hiňňildik uçmak, şaman odundan bökmek ýaly milli däp-dessurlarymyz hem berjaý edilýär. Nowruzda taýýarlanýan tagamlaryň naýbaşysy semenedir. Bu tagam milli tagam bolmak bilen duzsyz taýýarlanýan ýeke-täk tagamdyr. Semene bugdaý maýsalaryndan taýýarlanýar. Semenäni gadymy döwürlerden bäri gelin-gyzlarymyz üýşüp bilelikde taýýarlapdyrlar we dogan - garyndaşlara, goňşy – golamlara paýlapdyrlar.
Şu günler ýurdumyzyň çar ýanynda Milli bahar baýramçylygy mynasybetli dabaraly maslahatlar, aýdym-sazly çäreler, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler geçirilýär. Şeýle dabaraly çäreleriň biride Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat hem-de Saýat etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýünde geçirildi. Dabaraly maslahata Agrar partiýanyň işjeň agzalary, Bilim, medeniýet işgärleri, öňdebaryjy kärendeçiler gatnaşdylar. Milli bahar baýramçylygyna bagyşlap “Nowruzdan açylýar gülleň lälesi” atly dabaraly maslahatda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu baýram mynasybetli ýerlerde täze jaýlaryň, kuwwatly zawod-fabrikleriň, dürli binalaryň açylyşy barada hem-de Nowruz tagamlary, Nowruz däp-dessurlary barada täsirli çykyşlar etdiler. Soňra dabaraly maslahatyň dowamynda Sakar şäher medeniýet öýüniň sungat ussatlary Milli bahar baýramy mynasybetli joşgunly çykyşlar edip özleriniň süýji aýdym-sazlary, joşgunly tanslary bilen dabaraly çärä gatnaşyjylara ruhybelentlik paýladylar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölümüniň müdiri Bagtyýar Derkarow