Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar babatda, şol sanda oba hojalygynda hem uly ösüşler gazanylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ähli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz oba hojalyk pudagyny ösdürmek, kärendeçileriň işe bolan höwesini artdyrmak, bereketli türkmen topragyndan bol hasyl ösdürip ýetişdirmek boýunça köp ugurly maksatnamalary, meýilnamalary işläp düzüp, uly tagallalary edýär.
Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ideg etmek döwri dowam edýär. Bu gymmatly ekini ösdürip ýetişdirmek işlerine hususy önüm öndürijiler hem gatnaşýar, olara oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer bölünip berildi. Orta süýümli gowaça tohumynyň saýlama görnüşleri ekilen meýdanlarda gögeriş alan ýaşajyk gowaçalary synlanyňda göwnüň joşýar. Ekarançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamynyň kämilleşdirilmegi, tohumçylygyň we bu ugra degişli ylmy barlaglaryň ösdürilmegi üçin köp mukdarda maliýe serişdeleri goýberilýär. Bu bolsa öz gezeginde edermen daýhanlarymyzyň ösdürip ýetişdiren gowaçalaryndan bol hasyl almak üçin uly şert döredýär.
Oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, ýerleri işläp taýýarlamagyň täzeçil usullaryny, öňdebaryjy agrotehnologiýalary ornaşdyrmak, daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň we beýleki önüm öndürijileriň girdejilerini ýokarlandyrmak, kärende gatnaşyklaryny kämilleşdirmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Pagtany gaýtadan işleýän senagat döwrebaplaşdyrylyp, sebitlerde häzirki zaman pagta arassalaýjy kärhanalar guruldy.
Türkmen pagtaçylarynyň gazanýan üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryma Serdarymyzyň obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşine, oba hojalyk önümlerini öndürijilere yzygiderli goldaw berilmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatynyň aýdyň netijesidir. Pudakda giň möçberli özgertmeleriň netijesinde, obasenagat toplumynyň düşewüntliligi ýokarlanýar. Pagtaçylyk daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biridir.
Beýik başlangyçlary bilen Watanymyzy berkararlyga besleýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan belent maksatly beýik başlangyçlarynyň dowamaty dowam bolsun!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň hünärmeni Gadam Öwezow