Milli Liderimiziň uzak geljegi nazarlaýan parasatly tutumlary netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biri bolan obasenagat toplumy hem okgunly ösýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes watanymyzyň has-da gülläp ösmeginde, halkymyzyň bol-elin we eşretli durmuşda ýaşamagynda bu pudagyň netijeli ösdürilmeginiň ähmiýeti uly bolup durýar.
Binýady halallykdan, adalatdan, agzybirlikden gurlan Arkadagly eýýamymyzda obasenagat toplumyny döwlet tarapyndan goldamagyň we ösdürmegiň maksatnamalaýyn ulgamynyň üstünlikli hereket etmegi netijesinde ýurdumyzyň oba hojalykçylary ýylyň-ýylyna pagtanyň, dänäniň, gök we miwe önümleriň bereketli hasylyny ýetişdirip ata watanymyzyň kuwwatyny ösdürmeklige mynasyp goşant goşýarlar.
Mähriban Prezidentimiz her bir pudagy ösdürmekde, ilkinji nobatda onuň hukuk binýadynyň kämil, doly üpjün bolmalydygyny hemişe belleýär. Şoňa görä-de bu ugurda uly işler durmuşa geçirilýär. Ata watanymyzda oba hojalyk önümleriniň we azygyň, harytlaryň hem-de çig malyň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak, ilaty ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen doly üpjün etmek, azyk bolçulygyny döretmek, gaýtadan işleýän senagatyň çig mal bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak we oba ýerlerinde ýerleşýän ilatly ýerleri durnukly ösdürmek boýunça durmuş-ykdysady syýasaty durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda Döwlet Baştutanymyzyň atalyk aladalary bilen oba hojalykçylarymyza ähli tarapdan goldaw hem-de ýeňillikler berilýär. Şonuň netijesinde babadaýhnalarymyzy her ýylda ýokary netijeleri gazanýarlar. Ekerançylarymyz her ýylyň dowamynda ak altyny, bugdaýy ýygnap Watan ammaryna tabşyryp şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirilmegi aýdanlarymyzyň buýsançly mysallaryndandyr.
Ýurdumyzda ekerançylyk, maldarçylyk, guşçulyk, şeýle hem seçgiçilik, tohumçylyk işleri ýaly pudaklary we beýlekileri işjeň ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz ýer we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň we topragyň önümliliginiň ýokarlandyrylmagyna, ekerançylyk ýerleriniň suwlandyrylmagyna we melioratiw taýdan gowulandyrylmagyna aýratyn üns berýär.
Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ähli ulgamlar bilen birlikde obasenagat toplumynda hem döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösmek boýunça täze tapgyra badalga berdi. Dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, hususy ulgamyň ornuny pugtalandyrmak ýaly ençeme beýleki möhüm ugurlar döwletimiziň agrar syýasatynda anyk beýanyny tapdy.
Obasenagat toplumyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmakda we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde tebigata aýawly çemeleşmek, ekologiýa abadançylygyna ünsli bolmak, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly häzirki zamanyň çözülmegi möhüm meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, dünýä halklarynyň parahat ýaşamagy üçin umumyadamzat ähmiýetli beýik işleri amala aşyrýan milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun.
Aýmuhammet Atabaýew,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.