Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň oba hojalygynda hem giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bellenilip, oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň, agrar ulgamy özgertmäge we ony hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen wezipeler hem kesgitlenilýär.
Oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy hökmünde çykyş edýär. Bu pudagyň netijeliligini artdyrmaga, dürli görnüşli, ýokary hilli önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge, maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen işler yzygiderli ýagdaýda durmuşa geçirilýär, bu ugurdaky kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär. Ilki bilen, ýer we suw gorlaryny netijeli peýdalanmaga, agrosenagat toplumlary döwrebaplaşdyrmaga, ulgama sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga üns gönükdirilýär.
Suwarylýan ekin meýdanlarynda suw serişdelerinden peýdalanmagyň häzirki zaman tygşytlaýjy usullaryny ulanmakda hem-de ägirt uly kuwwaty bolan suw desgalaryny gurmakda, olary peýdalanmakda Türkmenistanda uly tejribe toplanandygyny bellemek gerek. Biziň ýurdumyz suw hojalyk desgalarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan üstünlikleri esasynda gurak çöllük zolagy şertlerinde obasenagat önümçiliginiň netijeliligini görkezýär. Diýarymyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär hem-de oba hojalyk önümleriniň belli bir bölegi daşary ýurtlara iberilýär. Suw hojalyk toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ylmy işläp taýýarlamalaryň we innowasion tehnologiýalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pudagyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, ähli welaýatlarda täze suw desgalary ulanmaga berilýär. Bu möhüm ulgamda taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi obasenagat toplumynyň netijeli ösdürilmegine, dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga ýardam berýär.
Bize şunuň ýaly uly mzmkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolup, beýik maksatly tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Hurma Garaýewa
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Balkan welaýat komitetiniň
Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň
baş hünärmeni