“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ähli pudaklar bilen deň hatarda oba hojalyk pudagynda hem uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Şu günler oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän oba hojalyk işgärleri üçin iň bir gyzgalaňly döwür dowam edýär. Biz hem, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň jogapkär işgärleri bolup, wagyzçylar topary bilen bilelikde ýakynda Dänew etrabynda zähmet çekýän bagbanlaryň, pagtaçy kärendeçileriň armasyny ýetirmek maksatly Dänew etrabynyň Aşgabat daýhan birleşiginiň çäginde zähmet çekýän babadaýhanlarymyzyň arasynda Hormatly Prezidentimiziň Agrar syýasatyny wagyz etmek maksatly wagyz işlerini geçirdik. Wagyz-nesihat çärelerimde Dänewli kärendeçilere Hormatly Prezidentimiziň Agrar syýasaty esasynda daýhanlar üçin döredilýän giň şertleri, mümkinçilikleri, döwlet banklaryndan berilýän ýeňillikli karzlary almagyň düzgünlerini düşündirdik, olar bilen sowal-jogaplar alyşdyk. Şonda Dänewli kärendeçiler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyny iň düşewüntli pudaga öwürmek boýunça, oba milli Maksatnama boýunça amala aşyran işler barada buýsançly gürrüň berdiler we bu işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýändigini belläp geçdiler. Soňra biz Dänew etrabynyň Aşgabat daýhan birleşiginiň çäginde zähmet çekýän bagbanlaryň, pagtaçy kärendeçileriň, aralyk ekinleri ekip ýetişdirýän kärendeçileriň kärende ýerlerini aýlanyp gördük we olaryň armasyny ýetirip, Garaşsyzlyk toýumyza zähmet ýeňişleri bilen barmaklaryny arzuw etdik.
Oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, halkyň bolelin durmuşyny üpjün etmekde ägirt uly işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň esasy hünärmeni Rahmet Beşimow