Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrylan ýylymyzyň her bir güni uly-uly üstünliklere, şatlyk şowhunlara, toý-baýramlara beslenýär.
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyzyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Milli geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi guramaçylykly geçirildi. Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan eziz Diýarymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan bu maslahatda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” kabul edildi. Eziz Diýarymyzyň her bir pudakda ösüp ýetilen sepgitlerini mundan beýläk hem döwrebap ösdürmeklige gönükdirilen bu Milli maksatnamada oba hojalygynyň maldarçylyk pudagyna hem aýratyn ähmiýet berilýär.
Adamlaryň ýaşaýyş durmuşynda, ösümlik we haýwanat dünýäsinde, hat-da iň kiçijik bedenlileriň ýaşaýjylygynda hem ýylylyk iň möhüm ekologiýa şertleriň biridir. Islendik görnüşli janly-jandarlaryň ýaş ösüp gelýän nesilleriniň kadaly ösmegi ýa-da ösümliklerde tohumlarynyň şinelemegi, gögermegi, ösüp boý almagy, köpelmegi, önüm we nesil bermegi belli bir kadaly ýylylykda bolup geçýär. “Ýer ýylaman ot gögermez” diýen aýtgydan görnüşi ýaly tebigat gözellikleri bolan ösümlikleriň oýanmagy, pyntyk ýarmagy üçin belli bir ýylylyk gerekdir. Öýlerimizde ýetişdirilýän tebigat gözelliginiň bir bölegi bolan otag gülleriniň ýaşaýjylygynda hem ýylylygyň ähmiýeti uludyr. Guşlar dünýasiniň dürli görnüşli wekilleriniň nesil öndürijiliginde, olaryň ýumurtgalaryndan jüýjeleriň çykmagy üçin hem ýylylygyň ähmiýetini hiç bir zat bilen deňäp bolmaz. Ýüpek gurçugynyň oýandyrylmagynda ýylylygyň wajyp orny bar. Şonuň üçin ýüpek gurçugyny oýandyrmak işine belli bir hünärmene berkidilýär.
Ýer ýüzündäki bolup geçýän ähli janly-jandarlaryň ýaşaýyş hadysalarynda Günüň işjeň täsiri bar. Gün şöhleleriniň ähmiýeti örän wajyp bolup, Ýer togalagynda ýylylyk energiýasynyň çeşmesidir.
Häzirki wagtda idedilýän oba hojalyk mallarynyň köp görnüşleri üçin howanyň iň amatly ýylylygy ortaça 3-50C – 15-200C aralygy hasaplanylýar. Bu hasap edilýän iň amatly ýylylyk diňe bir malyň görnüşine bagly bolman, onuň ösüşine we ýaşaýşynyň dürli döwürleri bilen hem baglydyr. Ynsan bedeni üçin ýokumly süýdi we eti bolan gara mallar üçin iň bir amatly ortça ýylylyk 10-150C bolsa, ösüp gelýän ýaş göleler üçin ortaça 15-180C aralygynda ýylylyk gerek.
Daşky gurşawyň ýylylygynyň has ýokary (maksimal) ýa-da aşaky çägi (minimal) mallaryň ýaşaýşa ukyply sagdyn nesil bermegine, olaryň ösüp boý almagyna we ýaşaýyş döwrüne özüniň ýaramly ýa-da ýaramsyz täsirini ýetirip bilýär.
Ýokary ýylylygyň täsirine mallaryň işdäsi peselýär. Geçirilen ylmy barlaglara görä, howanyň ýylylygynyň 410C ýetmegi gara mallaryň işdäsiniň ilki peselýändigi, soňra bolsa doly ýitýändigi barada hasaba alnan maglumatlar bar. Bedeniň aşa gyzmaklygy bolsa ýaş mallaryň ösüp boý almagynyň kynlaşmagyna, ösüşden yza galmagyna, madda çalşygynyň bozulmagyna, uly ýaşlylarynda önümliliginiň peselmegine getirýär. Ýaş göleleriň saklanyş şerti 100 C ýylylykdaky bilen deňeşdireniňde, 270C ýylylykda diri agramynyň 12% ýitirýändigi tejribeler arkaly subut edilendir. Mallarda ýokary ýylylygyň (gyzgynlygyň) dowamly täsirinden nesilsiz galmak ýagny klimat nesilsizliginiň ýüze çykmak mümkünçiligi hem bar. Ondan başga-da ýylylygyň ýokary bolmagy mallaryň näsaglamagyna-da getirýär. Ýokary ýylylygyň dowamly täsir edende agyr geçýän – ýylylyk urma hem ýüze çykyp bilýär.
Mallara daşky gurşawyň ýylylyk derejesi diňe bir ýokary bolanda ýaramaz täsir etmän, peselende hem ýaramaz täsir edýär. Ösümliklerde bolşy ýaly mallaryň arasynda hem ýylylyga uýgunlaşan we sowuga çydamly görnüşleri bolýar.
Garagumyň jöwzaly yssysyna türkmen arwana düýelerimiz, garaköli goýunlarymyz beýleki mallara garanyňda çydamlydyr. Sowuga uýgunlaşanlardan bolsa demirgazyk öý sugunlaryny mysal getirmek bolar. Ýurdumyza getirilýän dünýäde iň giň ýaýran süýt ugurly golştin sygyrlaryny tomsuň yssysynda suwa düşirmek bilen olaryň bedenlerini salkynladylýar. Mallar sowugyň täsirine has köp sezewar bolanlarynda, bedeniň ýylylygyny belli bir kadada saklamak üçin gorag reaksiýasy döreýär we deriniň ýagny hamyň üstünden bölünip çykýan ýylylyk azaldylýar. Mallar bedeniniň üstki tekiz göwrümini kiçeltmek üçin ýygrylýarlar, ýagny itler we pişikler düýrlenip ýatýarlar.
Mallaryň bedeniniň ýylylyk sazlaşygy fiziologiki hadysadyr. Sowugyň has dowamly täsiri netijesinde beden agzalarynyň işiniň bozulmagyna getirip, önümlilik we köpelmek ukubyna ýaramaz täsirini ýetirýär. Bedeniň tebigy kesele durnuklylygy peselip dürli näsazlyklaryň döremegine getirýär. Aýratyn hem täze doglan ýaş guzylar, göleler, jojuklar sowuga has duýgur bolýarlar. Olarda dem alyş ulgamynyň näsazlyklarynyň alamatlary aýdyň ýüze çykýar. Sowuk has dowamly täsir edende bedende ýylylyk sazlaşygy bozulýar, bedeniň sowamagy gipotermiýa ýüze çykmagy mümkindir.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap maldarçylyk toplumlarynda möwsümleýin işleriň ylmyň gazanan tejribeleri esasynda alnyp barylmagy, ekologiýa taýdan arassa et-süýt azyk önümlerini öndürmäge giň mümkinçilikleri berýär.
Saparmyrat ANNAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
maldarçylyk kafedrasynyň müdiri
Muhammeteziz ANNAMUHAMMEDOW,
uniwersitetiň talyby