Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň ähli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz oba hojalyk pudagyny ösdürmek, kärendeçileriň işe bolan höwesini artdyrmak, bereketli türkmen topragyndan bol hasyl ösdürip ýetişdirmek boýunça köp ugurly maksatnamalary, meýilnamalary işläp düzüp, uly tagallalary edýär. Türkmen daýhanlary tohum, dökün, suw, zyýan berijilerden goraýan himiki serişdeler bilen doly üpjün edilýär. Daşary ýurtlaryň iň kämil tehnikalary, olaryň tirkeg gurallary yzygider satyn alynýar. Munuň özi kärendeçileriň işe bolan höwesini artdyryp öňküdende gaýratly zähmet çekmäge uly badalga berýär. Bagtyýar zamanamyzda amala aşyrylýan ajaýyp işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda barha rowaç alýan ‘’Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar’’ ýylynda halkymyzyň ekarançylyk sungatynyň baý milli tejribesi gaýtadan dikeldilýär. Bu pudagy ykdysadyýetimiziň iň bir girdejili pudagyna öwürmek, ony ylmy esasda ösdürmek babatda ençeme işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň ösüş-özgerişlerine zähmet üstünliklerini bagyşlaýan türkmen daýhananyň halal zähmeti Watanymyzyň bagtly geljegini nurlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda ylmy işläp taýýarlamalaryň her sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelmelidigini, welaýatlaryň etraplaryň oba hojalyk hünärmenleriniň oba hojalykçy alymlar bilen bilelikde iş alyp barmak bilen pudagy ösdürmekligiň üns merkezinde saklanylmalydygyny nygtaýar. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan şeýle beýik işleri bolsa milli ekarançylyk däplerimiziň mynasyp dowam etdirilýändiginiň, ýaş nesli zähmete söýgi ruhunda terbiýelemekde uly aladalaryň edilýändiginiň alamatydyr.
Beýik başlangyçlary bilen Watanymyzy berkararlyga besleýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan belent maksatly beýik başlangyçlarynyň dowamaty dowam bolsun!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň buhgalteri. Merjen Abdullaýewa