Berkarar döwletiň täze eýamynyň Galkynyşy döwriniň her bir täze ýyly biri-birinden zyýada gelýär. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň ilkinji günlerinde oba hojalyk pudagyny kämilleşdirmek bilen bagly birnäçe resminamalaryň kabul edilmegi dayhanlarmyz şol sanda ähli oba hojalykçylar üçin şatlykly wakalaryň biri boldy. Munuň özi peder ýolyny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň oba senagat toplumyny düypli özgertmek, oba ilatynyň ýaşaýyş durmuş derejesini has-da gowlandyrmak boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirýändigini ýene bir ýola äşgär etdi. Oba hojalyk pudagy bilen bagly birnäçe Kararlaryň kabul edilmegi “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdymyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri ýerine ýetirilmegine hem özüniň oňyn netijesini berer.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 9-njy fewral güni Ministler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar diňlenildi we öňde durýan wezipeler kesgitlendi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda ýurdymyzyn ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk pudagyny ösdürmek bilen bagly birnäçe resminalara gol çekdi. 2024-nji ýylda oba hojalyk ekinleri ýerleşdirmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda, 2024-nji ýylda bag ekmek hakynda, babadaýhanlaryň yere bolan höwesini artdyrmak, olary ykdysady taýdan goldamak, işe bolan höwesini artdyrmak bilen bagly birnäçe Kararlar kabul edildi. Şonda 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak baradaky kabul eden karary daýhanlaryň şol sanda ähli oba hojalykçylary diýseň begendirdi. Munuň özi kärendeçi babadaýhanalary işe bolan höwesini artdyrmaga, öňkiden-de gaýratly zähmet çekmäge, pagtadan, bugdaýdan bol hasyl öndürmäge uly badalga bolar.
Şeýle hem mejlisiň dowamynda Oba hojalyk Ministrliginden bölnip aýrylmagy arkaly "Türkmengallaönümler" döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçylyk senagaty döwlet birleşigini, "Türkmenpagta" döwlet konsernini hem-de "Türkmenobahyzmat" döwlet birleşigini döretmek barada degişli kararlaryň kabul edilmegi ýurdymyzyň oba hojalyk pudagynyň işini mundan beýläkde kämilleşdirmekde, depginli ösdürmekde möhüm ädim bolar. Türkmenistanyň Oba hojalyk Ministrliginiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň döredilmegi ilatymyzy azyk önümleri bilen doly üpjin etmäge, ýurdymyzda azyk bolçylygyny döretmäge, gaýtadan işleýän senagaty ýeterlik mukdarda çig mal bilen üpjin etmekde uly mümkinçilik berer.
Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Köneürgenç etrap komitetiniň işgärleri etrapdaky beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde 9-njy fewral güni geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, kämilleşdirmek, önüm öndürijileri ähli taraplaýyn goldamak, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowlandyrmak bilen bagly kabul eden kararlaryny düşündirmek maksady bilen oba ilatynyň, kärendeçileriň arasynda giň göwrümli wagyz-nesihat işlerini geçireris. Munuň özi Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda kärendeçi babadaýhanlaryň pagtadan, bugdaýdan bol hasyl öndürmekligine uly mümkinçilik berer. Babadaýhanlaryň hak howandary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun her bir döwletli tutymlary rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni, etrap halk maslahatynyň agzasy Gülhumar HOJAHMETOWA