Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 14-nji iýun güni hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Şu ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisde ýurdymyzda geçen hasabat döwrüň içinde ýerine ýetirilen işleriň maglumatlar diňlenildi we geljek alty aýyň dowamynda öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hemmämiziň bilşimiz ýaly Arkadagly Serdarymyz ýurdymyzyň ähli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini has-da gowlandyrmak boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Mejlisiň dowamynda hem Arkadagly Serdarymyz döwletli Kararlaryň birnäçesini kabul etdi. Ýagny Türkmenistanyň Oba hojalyk we Daşky gurşawy goramak ministrliginiň bölünmegi arkaly, onuň binýadynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek baradaky kararlar kabul edildi. Munuň özi ýurdymyzyň ykdysadyýetinde uly orun degişli bolan oba hojalyk pudagyny, daşky gurşawy goramagy mundan-da beýläk ösdürilmegine uly mümkinçilik berer.
Peder ýolyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz oba hojalyk pudagyny ösdürmek, kärendeçileriň işe bolan höwesini artdyrmak, bereketli türkmen topragyndan bol hasyl ösdürip ýetişdirmek boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Tohum, dökün, suw, zyýan berijilerde goraýan himiki serişdeler bilen doly üpjin edilýär. Daşary ýurtlaryň iň kämil tehnikalary, olaryň tirkeg gurallary yzgider satyn alynýar. Şeýle 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap bugdaýy pagtany gaýtadan işlemekden alynýan iýmlik önümleriň 50 göterimini kärendeçilere döwlet tarapyndan düzgünleşdirýän bahalardan satmak göz öňünde tutylýar. Munyň özi kärendeçileriň işe bolan höwesini artdyryp öňküdende gaýratly zähmet çekmäge uly badalga berýär.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklarymyzy gorap saklamak, geljek nesillere ýetirmek boýunça durmuşa geçirýän işleri aýratyn bellenmäge mynasyp. Ençeme ýyllardan bäri däp bolup gelýän bahar we güýz aýlarynda köpçilikleýin bag nahallaryny ekmek çäresiniň geçirilmegi ekalogiýa abadançylygynyň barha gowlaşmagyna uly mümkinçilik berýär. Köpçilikleýin bag ekmek çäresiniň netijesinde ýurdymyz gül- gülzarlyga, bagy-bossonlyga öwrilýär, ýurdymyzyň ekalogiýa abadançylygy barha gowlanyp, gök zolaklaryň gerimi barha köpelýär. Ýylyň ýylyna ekilýän bag nahallary ýaşaýyş jaý toplumlarynyň töweregini, demir we gara ýollaryň gyralaryny bezäp ýurdymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Bu owadan daşky gurşawy göreniňde diýseň begenýärisiň, buýsanýarsyň. Bag nahallarynyň köp mukdarda ekilmegi, ýaşyl zolaklaryň döredilmegi ýurdymyzyň ekalogiýa abadançylygynyň ýokarlanmagyna hem öziniň oňyn täsirini berýär. Çünki ekilýän bag nahallary özinden kislarody bölip çykaryp, köp mukdarda kömürturşy gazyny özine siňdirýär. Munuň özi howamyzyň arassa, tämiz bolmagyny üpjin edýär.
Bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine barýan ýurdymyzda her bir güni Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän tutymly işler halkymyzyň bagtyýarlygyna, ýurdymyzyň abadançylygyna gönükdirilen. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň şeýle döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Gülhumar HOJAHMETOWA Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni