Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda mähriban watanymyzda ösümlikler dünýäsiniň goralyp saklanylmagy, rejeli peýdalanylmagy we üznüksiz köpeldilmegi hem-de ykdysady-serişdelik kuwwatynyň artdylmagy ugrunda maksatnamalaýyn we toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy toprakasty we sazlaşykly howa gurşawynda dürli maddalar bilen iýmitlenip ösýän, tebygatyň ösüşine işewür gatnaşýan medeni we ýabany ösümlikler baradaky ylmy taglymatlara, tebygat gözelliklerini suratlandyrylyşyň we güneşli diýarymyzyň sagdyn ekologik gymmatlyklary baradaky ýörelgelere, taryhy maglumatlary hem-de durmuş keşbiniň hakykatlaryny öz içine alýan çeper söz senedindäki waspnamalara, salgylanmalara, tarypnamalara, meňzetmelere we şahyrana setirleriň ajaýyp nusgalaryna baýlygy, özüneçekijiligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Dananyň hümmetli we hyrydarly eserlerinde ýer ýüzünde ýaşaýşyň mukaddeslikleriniň jemi birligine, bitewiligine gatnaşýan gülleriň we agaçlaryň, suwarymly ekerançylyk ekinleriniň atlarynyň milli, halkara, sebitleýin häsiýetli onlarça görnüşleri, ösümlikler dünýäsine bolan watançylyk ylhamyň we söýginiň baý tejribeleri, nusgalyk paýhas gözýetimleri hem-de ussatlyk sapaklary köp duş gelýär. Sözlerden dürler ýasan ussadyň şygyrlarynda ösümlikler şalygy bilen bagly biologik, botanik we tebygy gymmatlyklaryň meňzeş we umumy häsiýetleri şahyryň 150 golaý eserlerinde täsin çeper aňlatmalar, özüneçekiji tymsallar, gyzykly edebi-taryhy jemgyýetçilik deňeşdirmeleri, allegoriki simwollar we täze çeperçilik çözgütleri arkaly aňladylýar hem-de olar üç dile mahsus görnüşde-türkmen, pars, arap sözleýiş we ýazuw medeniýetiniň leksik galyplary arklay şöhlelenýär. Şahyryň döredijiliginde wasp edilişi boýunça tebygatyň biologik şalygyna degişli bolan ösümlikleriň atlarynyň köp ýyl ýaşaýan görnüşleri birinji orunda durýar. Muňa mysal hökmünde söz senetkäriniň şygyrlarynda duş gelýän badam, serwi, dagdan, ýowşan, hoz, injir, söwüt, hurma, gamyş, ýowşan, serçemen, alma, nar, zagpyran, narynjy(apelsin), turunjy (pyrtykal) ýaly ösümlikleriň atlaryny agzamak bolar. Söz mülküniň hökümdary Magtymguly Pyragynyň ,,Haýramdadyr-haýramda’’, ,,Gurulmasdan burun’’, ,,Ynsan ýaratdy’’, ,,Azadym kany’’, ,,Bagtym garadyr’’, ,,Bu dünýä’’, ,,Sil galmaz’’, ,,Paş bolmar sen’’, ,,Baka-baka gider sen’’, ,,Aýyň ýagşysyn’, ,,Arşy aglaýa’’, ,,Duman peýda’’, ,,Türkmeniň’’, ,,Pany jahan gerekmez’’, ,,Habar ber-şeýledir’’, ,,Huny bardyr’’ ,,Göze myhmandyr’’,,Daşlar bile’’, ,,Näler görüner’’ ,,Öňi-ardy bilinmez’’,, ,,Çowdur han’’ , ,,Döwletalynyň’’, ,,Ýeter sen’’, ,,Delalat ýagşy’’, ,,Betnam ulur’’, ,,Gulagyn tutmaz’’ , ,,Duman peýda’’, ,,Ötüp baradyr’’, ,Tumar gördüm’’, ,,Kulahly geldi’’, ,,Bu gün’’, ,,Aýryldym’’, ,,Atça bolmaz’’, ,,Terk eýleme bu mekany’’, ,,Kaýda sen’’, ,Bar meniň’’, ,,Bilmezmiň’’, ,,Ýar ýüzüňden’, ,,Ýetişmez hijran’’, ,,Daşlar bile’’, ,,Duman görüner’’, ,,Pisat dünýädir’’, ,,Zemine batar’’, ,,Pelegiň’’, ,,Il bolmaz’’, ,,Bili bolmasa’’, ,,Bu dahana’’, ,,Hatyn näbilsin’’, ,,Näme sen’’, ,,Gider sen’’, ,,Nary bolmasa’’ we ,,Ýeli Gürgeniň’’ ýaly onlarça eserlerini tebygat-adam-ösümlik gatnaşyklary hakyndaky durmuş hakykatynyň çeper aňlatmasynyň görnükli nusgalary hasaplamak bolar. Şygyrýet dünýäsiniň soltany Magtymguly Pyragynyň goşgularynda ösümlikleriň ýaşaýşy, ösüşi, hasyla duruşy, gözelligi we ýakymly yslary boýunça sünbül, sürme(ösümlik boýaglary), nerkes, läle(çigildemli düzler), şemşat, nahal, çemen, agaç, gök otlar, maýsa, elwan, suluw (görkli), nebat (ähli ekinleriň görnüşleri), azergun ( doýgun gyrmyzy reňkli gül), sirket(miweleri suwly erginler), ryzwan(baglaryň sakçysy), bişe (tokaý agaçlary), ala dal ( syrdamly, sagdyn, uzak ýaşaýan agaçlar), semer (ýylyň dowamynda gök öwüsip möwsümleýin gunçalaýan ösümlikler), rebi ( ýaz paslynyň keşbini bezeýän ösümlikler), zakgun (ajy ösümlikler), arguwan(owadan, jadylaýan, hümmetli ösümlikleriň dürli reňkli gülleri), sebze (janly ýaşyl, gök reňkli ekinler), burundyk baglar ( ýaşy boýunça garry we geçmesi kyn, çyrmaşykly baglar), ebr (ýaz ýagyşlarynyň ösümlikleri ýuwmagy), zenjebil(uzyn ýaprakly ekinler), tiken( käbir ösümlikleriň gyýylçagynyň ýiti ujy) ýaly söz düzümleri has-da işjeň, dowamly ulanylýar. Şahyryň gazallarynda ösümliler dünýäsi 12 görnüşde-baglar, ýakymly ysly, owadan, müşk ýaly ýalkawly güller, sowsan (ähli gülleriň ugurlary), reýhan (bahar paslynyň gülleri), bostan (owadan ösümlikleriň toplumy), gülzar (gülleriň köpgörnüşli nusgalarynyň biten ýaýlasy), Erem bagy (taryhda adamzat tarapyndan döredilen ilkinji we şöhratly bagyň nusgasy) , şejerler (ähli agaçlaryň uruglary), anbar (bilbiliň yşkyny ýesir edýän gülleriň zülpleri), tokaý, hasyl berýän, saýa salýan, senagat, oba hojalyk maksatly däneli ekinler ýaly toparlary öz içine alýar. Dünýä edebiýatynyň sözler köşgüniň tylla tagtyna emirlik edip şygyr sungatynyň şirin, nepes edilen bilbiline meňzeýän Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda bag we agaç sözleriniň many gatlaklarynyň galyplary göçme, asyl sanda 10-a golaý, köplük sanda 20-den gowrak görnüşlerde aňladylýar. Yzzatly we ylahy ýalkawly setileriniň çawy ähli döwürlerde alyslar aşyp gelýän Magtymguly Pyragynyň eserlerinde ösümlikleriň, ekinleriň reňkleri ýaşyl, zerli, zerewşan, leýmun, syýa, gyrmyzy, gyzyl, gülgün, zeberjet, zöhre, zümmeret, zeňňi, lagl, sara, pöwrize, surhy, zenehdan... kysmy görnüşlerde, zynatly keşplerde çeper teswirlenýär. Ömürlere ylhamyň jomartlyk nurlaryny, ykballara sahawatyň mübärek joşgunyny paýlaýan şahyryň hikmetli gazallarynda orun alan ,,Kükeýip bark urar anbaryň ysy’’, ,,Daýym ömrüm ötüreýin, beren bahar paslyňda’’, ,,Ol ekindir ýaşyl-gyzyl öwüsýän’’, ,,Bag içinde şejer atlyg bir arguwany bardyr’’, ,,Kimleriň bagynda bitmiş enary’’, ,,Şejerler bitmiş bagynda’’, ,,Bagda biten alma bilen narynda’’, ,,Seýran etsek gunçasyna, gülüne’’, ,,Menzilgähi bag-u bossan’’, ,,Dürli miwe beren baglar’’, ,,Bag içre ýesir bolmuş, bilbil bakyň, sünbül bilen’’, ,,Bagyňa girsem säher, bilbil bolup salsam oýun’’, ,,Toty, bilbil mesgen tutan, Howaly baglar görüner’’, ,, Girsem baryp söwer dostuň bagyna’’, ,,Bilbilige intizardyr bag içinde güllerim’’, ,,Andalyp sen bag içinde’’, ,,Gülşenli serçemen diýip aglar men’’, ,,Otursam agaçlar bile’’, ,,Bilbiller saýraýan howaly baglar’’, ,,Bahar pasly çykan nebat dünýädir’’, ,,Bilbil mesgen tutan baglar’’, ,,Agaç uzyn bolsa kölgesi düşer’’, ,,Ýerden çykan agaçlar’’, ,,Bostan seýri her bir adama höwesdir’’, ,,Girdim baga bütin dünýä harç edip’’, ,,Bag içre saýraşan şeýda bilbiller’’, ,,Her bagyň bir bagbany bar’’, ,,Ol ekindir ýaşyl-gyzyl öwüsýän’’, ,,Bir ýaprak çykarmy guran söwüde’’, ,, Bag içinde gül-gülmi sen, näme sen?’’, ,,Ekseň bar getirmez ol gury söwüt’’, ,,Dünýäde müň tanap baglaryň bolsa’’, ,,Bagbançy bagy neýlesin, bagynda nary bolmasa’’, ,,Bilbile jeňňel bag bolmaz’’, ,,Tokaýlary bardyr gargy-gamyşly’’, ,,Başaşak asdylar kaýsy agajy’’ ýaly jünbüş keşpli, parasatly, jümjüme setirleri tebygat peýzažynyň, watana bolan egsilmejek söýginiň, ösümlikleriň gymmatynyň we ähmiýetiniň ajaýyp çeper beýanydyr. Döwürleriň küýseýän, halkyň ezizleýän, milletleriň sarpalaýan aryfy Magtymguly Pyragy ösümlikleriň gözelligini, tebygat bilen ynsan zähmetiniň sazlaşygyny, umumy ykbalyny kerem, lezzet, sahylyk, hoştaplyk, düşbülik, syrdaşlyk, wepalylyk, ösüş, agzybirlik, rowaçlyk, Gögüň güýji, durmuş hazynalarynyň gözbaşy , kalp tämizligi, durmuşyň ededilik jemaly, Taňrynyň jigerbendi, bagtly döwürleriň we döwranlaryň hasylly pursatlary, mistiki we mifiki poeziýanyň sapaly eşreti, deňagramly önümçilik berekediň başlangyjy, gorly tebygatyň gudraty derejesinde arşa galdyrýar. Uzak asyrlaryň jemgyýetçilik rowaçlyklaryň sakasy bolup gelýän, durnukly ösüşiň we durmuş abadançylygynyň naýbaşy sütüni hasap edilýän, adamlaryň ömür dowamlylygyny ýokarlandyrýan we nesilleriň ählumumy zähmet galkynyşlarynyň üstünliklere beslenmegine, ylmy başarnyklarynyň, durmuş tejribeleriniň taplanmagyna uly badalga berýän, romantiki häsiýetden janly peýzaž dünýäsini, gujurly simwoliki hemralygy açýan beýik söz zergäriniň ,,Ynsan ýaratdy’’ atly şygrynyň dokuzynjy bendindäki
Gara ýerden ýaşyl sebze gögerdip,
Her agaçdan dürlük miwe çykardyp,
Gün-günden baglaryň miwesi artyp,
Gül açylyp, bag-u bostan ýaratdy-
diýen setirleri ösümlikler dünýäsiniň ähli görnüşleriniň, biologik köpdürlüligiň şahyrana sözdäki we çeper dildäki ensoklopediýasy bolup ýaňlanýar. Genial şahyryň ,,Üçi öwlatdan’’ diýen bäş bentli goşgusynyň ilkinji bendinde
Ne on bäş aýaldyr, artmaz perzendi
Ol ne bäş aýalyň üç öwlatdan.
Üçi ekiz, ol tört erer peýwendi,
Ol ne jumag eýlär, ne çykar ýatdan-
atly dür setirler jemlenýär. Ussadyň welilik nazary, synçylyk gözýetimi we döredijilik dünýägaraýşy siňen şahyrana şygryň birinji we ikinji setirlerinde ,, on bäş aýal’’ diýilip bellenilýän filosofik aňlatma üç hem-de on iki diýen düjünjeleri özünde jemleýär. Şahyryň ikinji setirinde ,,on bäş aýalyň’’ üçüsi öwlat diýilip bellenilýän fiziki aňlatma tebygatyň hereketinde üç birligi- adamy, ösümlikleri we haýwanat dünýäsini aňladyp gelýär. On bäşiň galan on ikisi bolsa ýylyň 12 aýyny, ,, tört erer peýwendi’’ söz düzümi dört paslyň özara baglanyşygyny, ,,üç ekiz’’ söz düzümi bolsa her paslyň üç aýyny, ,,ne jumag eýlär’’ söz düzümi aýlaryň biri-birine goşulmaýan ornuny, aýratynlygyny görkezýär. Akyldaryň ,,Ýeldim yut’’, ,,Eýwany tört’’, ,,Neýleý indi biçäreýim’’, ,,Ötgül, Pyragy’’, ,,Bar meniň’’ atly eserlerinde ,,Erem bagy içre saýa boldum tut’’, ,,Şiri-huda gülüstan Erem bagyna girdi’’, ,,Erem içre reýhan idim’’, ,,Bossanyň bitiren Erem nahaly’’, ,,Behişt Erem hasyl olmuş bu jahan saraýyda’’ diýen şahyrana setirleri okamak bolýar. Erem bagy bilen bagly edebi tymsallar şahyryň 20 golaý eserlerini bezeýär. Adamzadyň taryhynda iň gadymy, Gündogar edebiýatynda ýaýrawy, owadanlygy boýunça taýsyz we iň köp möçberde meşhurlyga, görnükli nusga öwrülen hem-de ilkinji döredilen emeli seýilgäh toplumy hökmünde şöhratlanyp gelýän Erem bagy hakyndaky edebi kyssalaryň gözbaşy Şetdat, Hüwt, Keýumers, samy kowumlary, Benijan, Hajjaj, Nasry-Saýýar, Hekim-Merwan ýaly epiki gahrymanlaryň ykballary bilen baglanyşyp, ol baradaky halk döredijiliginiň, kyssawy miraslaryň, ertekileriň başlangyçlary ýedi müň ýyl mundan ozalky döwürlerden alyp gaýdýandygy dürli stilistik, ylmy gollanmalarda beýan edilýär. Irki orta asyr edebi çeşmeleriň bezegine öwrülen Erem bagynyň çeper tarypyny Magtymguly Pyragy kemally kelamlaryň okalan menzilgähi, zybaly we zerbaply ärleriň sagadatly diwanhanasy(kabulhanasy), sahypzamanlaryň we nebileriň düşlän şepagatly şemi-çyragy hökmünde arşa galdyrylýar. Soňky üç ýüz ýylyň taryhy ösüşinde Magtymguly Pyragy Erem bagynyň we ekerançylyk medeniýetiniň gözelliklerini dürli çeperçilik öwüşginlerde köp möçberde täzeçil edebi çözgütler bilen wasp etmekde, onlarça ýazuw ýadygärliklerinde orun alan jenneti, serçemenli gülzarlygyň nusgawy, gadymy folklor mekanyny, gymmatlyklaryny çeperçilik ussatlygyň belent derejeleri bilen dabaralandyrmakda, bu ugurda Gaýyby, Allahy, Kätibi, Mätäji, Zelili, Talyby, Mollanepes, Kemine, Misgingylyç, Zynhary, Magrupy...ýaly söz sungatynyň wekillerine halypalayk etmekde täze edebi mekdebiň beýik mugallymyna öwrüldi. Çeper söz bagynyň nakgaş bagbany Magtymguly Pyragynyň dury zehin bulagy bilen suwarylan, gudrat galamynyň akabasyndan kemal tapan, paýhasyň sahawat daragtyna meňzeýän setirleriniň gülşenli nahallarynyň kuwwatly kökleriniň şahalary, çemen baglanan bossanlary ählihalk mähribanlygynyň saýasynda gunçalaýar, köňüller köşgünde güllän reýhanlary köpleri perwana edýär, miwelän çuwal-çuwal hasylynyň şirinlik tagamy ähli bäsdeşlerinden ozup alys yklymlarda bark urýar. Ülkämiziň tebygy baýlyklaryny öwrenmek, gorap saklamak we baýlaşdyrmak üçin köptaraply, döwrebap işleri alyp barýan, ýaşaýyş durmuşymyzyň ýokarlanmagy hem-de abadan geljegimiziň röwşen ertirleri üçin atalyk aladalaryny edýän Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli işleriniň rowaç, janynyň sag, mertebesiniň belent bolmagyny arzuw edýäris!
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni Dädebaý Pälwanow