Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Köneürgenç etrabynyň Maslahat daýhan birleşiginiň Sabyr Kakabaýew ýolbaşçylyk edýän 2-nji kärendeçiler toparynyň agzalary döwlete pagta tabşyrmakda daýhan birleşikde öňdeligi gazanýarlar. Agzybirlikli çekilen zähmet elmydama özüniň guwandyryjy netijesini berýär. Topar agzalarynyň çeken päk zähmeti netijesinde atyzlarda bitginli hasyl kemala geldi. Munuň şeýledigine toparyň şu günki güne çenli döwlete pagta tabşyrmak boýunça bellenen meýilnamany 15 göterim berjaý edenligi anyk tassyklaýar. Toparyň jemi 12 kärendeçisi 127 gektar ýerde ýygym işini alyp barýarlar. Olar her güni döwlete 5 tonna golaý pagta hasylyny tabşyryp, gündelikdi meýilnamasyny üstünlikli berjaý edýärler. Taýar hasyly pagta kabul ediş harmanhanalara daşamakda daýhan birleşigiň mehanizatory Begmyrat Çerkezow gaýratlylyk görkezýär. Toparda göreldeli kärendeçilerden Şöhrat Mollaýew, Nurabulla Hojahmedow, Bilbiljemal Geldiýewa dagylary aýtmak bolar. Bu kärendeçileriň her birinde onlarça gektar gowaça kärende ýerleri bar. Olar öz maşgala agzalary şeýle hem kömekçi ýygymçy gelin-gyzlar bilen ak-patrak ýaly açylyp otran hasyly öz aralarynda bäsleşip ir ertirden tä giç agşama çenli ýygym işini dowam etdirýärler.
Gülhumar HOJAHMETOWA Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni