Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

OŇYN BITARAPLYK ÝÖRELGELERI

Bitaraplyk ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsanperwerlik ideýalarynyň çuňlugyna aralaşýar. Öz milli Garaşsyzlygyny gazanaly bäri türkmen diýary dabaraly toýlaryň mekanyna öwrülip başlady. Ynha şol toýlaryň arasynda dünýä derejesinde ähmiýetlisiniň biri-de, eýýäm ýurdumyzda 30 ýyl bäri her ýylyň 12-nji dekabrynda ruhubelentlik ýagdaýda bellenilýän Bitaraplyk baýramydyr.

Bitaraplyk derejesi Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň özen maýasyny kemala getirdi. Mundan 30 ýyl ozal Bitaraplyk derejesini gazanmagyň entek syýasy we ykdysady taýdan ägirt uly özgertmeler bilen berkemeli ýaş döwlet üçin aňsat çözgüt bolmandygy hakykatdyr. Edil şonuň ýaly hem Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmegi bilen eýe bolan parahatçylyk we syýasy asudalyk ýurdumyzyň häzirki wagtdaky gazanan ägirt uly üstünlikleriň gözbaşy boldy. 1992-nji ýylyň 2-nji marty Türkmenistanyň Birleşen Milletler guramasynyň agzalygyna giren günüdir. Bu sene ýurdumyzyň dünýä derejesinde gazanjak uly üstünliklerine ýol açdy. Dünýä ýüzünde döwletleriň ýüzlerçesi bardyr we olaryň her biri özboluşly döwlet syýasatyna, döwlet nyşanlaryna we beýleki aýratynlyklara eýedir. Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerini öňe sürmegi bu başlangyjy döwlet syýasaty derejesine çenli ösdürmegi hem-de sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek başlangyjyndan gözbaş aldy. Aşgabatda ylalaşdyryjy häsiýete eýe bolan syýasy gepleşikleriň geçirilmegi bilen, sebitde parahatçylygy we asudalygy üpjün edýän çözgütleriň birnäçesi kabul edildi. Bu çözgütler, şeýle hem Türkmenistanyň oňyn başlangyçlara batyrgaýlyk bilen çemeleşmegi örän gowy netije berdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 50-nji mejlisinde Türkmenistanyň hemişelik biteraplyk derejesini ykrar edip we goldap, “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” atly Rezolýusiýany kabul etdi.

Bu günki günde dünýä öz syýasy ösüşiniň täze derejesine çykdy. Dünýä bileleşigi deň hukukly döwletiň bileleşigine öwrüldi. Birek-birege düşünişmegiň, parahatçylygyň we howpsuzlygyň netijesinde milletleriň arasynda arkalaşyk döwri başlandy. Bu döwürde emele gelen ýagdaýlara laýyklykda, türkmen döwleti öz daşary syýasatyny esasy ugurlaryny kesgitledi. Ol gatnaşyklar Türkmenistan ýurdumyzyň hemişelik, oňyn Bitaraplyga daýanýan “Açyk gapylar” syýasatyny ösdürmegiň esasyny düzýär.

Türkmenistan döwletimiziň daşary we içeri syýasatynyň özenini parahatçylyk söýüjilik, birek-birege ynanyşmak, hormat goýmak ýörelgeleri düzýär. Bu ýokary derejäniň ýörelgelerine eýerip tutýan işleriniň dünýä döwletleri tarapyndan goldanylýandygy bellidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty täze, ýokary derjeä çykdy. Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklar işjeňleşip we parahatçylyk hem-de howpsuzlyk babatdaky hyzmatdaşlyk täze many-mazmuna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde eden taryhy çykyşlary we öňe süren teklipleri muňa şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bitaraplyk derejesiniň berýän mümkinçiligini has doly we netijeli peýdalanmak boýunça dünýä bileleşigini gyzyklandyrýan başga-da ençeme başlangyçlar bilen hem yzygiderli çykyş edip gelýär. Bu teklipler Bitarap döwlet hökmünde ýurdumyzyň öz wezipelerine çuňňur düşünýändigine we şoňa laýyklykda hereket edýändigi ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär.

Bitaraplyk syýasatynyň yzygiderli alnyp barylmagynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynda öz beýanyny tapyşy ýaly munuň häzirki içeri syýasatyna hem täsiri güýçlüdir. Munuň sebäbi, Bitaraplyk syýasatynyň ýurda asudalygyň höküm sürmegine ýardam edýänligidir. Oňyn Bitaraplyk syýasaty ýurduň içindäki ýagdaýa edýän täsiri hem aşakdaky ugurlarda dolulygyna görünýär:

Ruhy galkynyş: ýurtdaky asudalyk, daşardan hiç-hili howpuň abanmaýandygynyň netijesinde halkyň arasynda ruhubelentlik höküm sürýär. Häzirki döwürde ýurdumyz, medeni çäreleriň, halkara derejesindäki ylmy amaly maslahatlaryň we beýleki çäreleriň ýurduna öwrüldi. Geçirilýän bu çärelere öz raýatlarymyz bilen bir hatarda daşary döwletlerden myhmanlar gatnaşyp, birek-birekde tejribe alyşmaga dost-doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk berkitmäge mümkinçilik berýär.

Ylym-bilim ugrundaky özgertmeler Bitaraplyk syýastynyň ýurduň ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda örän uly ähmiýeti bardyr. Häzirki döwürde Türkmenistanyň bilim ulgamynda dünýä tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem türkmen ylmyny dünýä ylmyna giň ýol açmaga mümkinçilik berdi.

Saglyk we sport ulgamyndaky ösüşler we ýetilen sepgitler Bagtyýarlyk döwrüniň esasy miweleridir. Amala aşyrylýan özgertmeleri göz öňüne getirmek üçin diňe şulary ýatlamak hem ýeterlikdir. Saglygy goraýyş ulgamynyň dolandyrylyşy düýpli özgertmegi, döwrebap binalar toplumynyň işe girizilmegi hem-de dünýä ülňüne laýyk gelýän döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi ulgamyň ösüşine oňaýly täsir etdi.

Hormatly Prezidentimiziň dünýäde özüni paýhasly, öňdengörüji, tutanýerli syýasatçy hökmünde tanatdy. Bu bolsa türkmen halkynyň hem türkmen döwletiniň alyp barýan syýasatyna dünýä ýüzünde oňyn garýyşyň emele gelmegine ýardam etdi. Milli Liderimiziň bimöçber tagallasynyň netijesinde Bitarap ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary häzirki döwürde täze derejelere çykýar. Şonuň esasynda Hormatly Prezidentimiziň hemişelik oňyn Bitaraplyk syýasatyna daýanyp ýöredýän daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýy has ýokary derejelere galýar.

 

Aýbölek Babakulyýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymy

Agrar partiýanyň işjeň agzasy