Görogly etraby ýurdumyzyň iň iri gallaçylyk etraplarynyň bir. Şu ýyl etrapda 15500 gektar meýdanda güýzlik bugdaýyň hasyly yetişdirilýär. Gallaçy daýhanyň arly ýylky zähmetiniň ahyrky netijesinde, ýagny galla oragynda galla orýan kombaýnlara esasy orun degişli. Şonyn üçin Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda ýakynlaşyp gelýän galla oragy möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýär. Etrap boýunça galla orýan kombaýnlaryň 45 sanysy bolup, olar doly abatlanyp, bu jogapkärli möwsüm üçin taýýarlyk hataryna çykaryldy. Olaryň 32-si “Claas” kysymly, 13-si “John Deere” kysymly galla orýan kambaýnlardyr.
Tehniki hymat ediş kärhanasynda ussahana bölüminiň bir näçesi bolup, olarda şu günler işler gyzgalaňly dowam edýär. Bu ýerde galla oragynda ulanyljak tehniklaryň taýýarlyk işleri aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Tehnikalary abatlamakda, olar üçin ätiýaçlyk şaýlary ýasamakda kärhananyň işçilerinden Täçmyrat Ataşow,Hemra Sapardurdyýew, Dädebaý Mahmudow aýratyn yhlaslyk görkezýärler.
Galla orak möwsüminde diňe bir galla orýan kombaýnlar däl eýsem, hyzmat ediş tehnikalar hem möwsüme taýýarlanylýar. Ýüze çykan näsazlyklary döretmek üçin göçme ussahanalar, çalgy ýaglarynyň, ýangyjyň ätiýaçlyklary döredilýär. Galla oragy möwsüminde bökdençlikleriň bolmazlygy üçin ähli zerur çäreler geçirilýär.
Maýsa Öwezowa Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni