Oba hojalykçylar üçin ýylyn ähli döwri aladaly bolýar. Häzirki wagtda ýerleri güýzlik bugdaý ekişine öz wagtynda taýýarlamak, gök bakja ekinlerine, gowaçalara göreldeli ideg etmek işleri utgaşykly alnyp barylyar. Gowaçalara talabalaýyk ideg edilmegi bol hasylyň kemala gelmeginde uly ähmiyete eýe. Hut şunuň bilen baglylykda bu möwsümleýin işleri barha ýokary depginlerde dowam etdiryarler. Şu günleri Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem 28500 gektar gowaçalar goşmaça mineral dökünler bilen imitlendirilýär, zyýankeşlerden pugta goralýar, ösüs suwy tutulýar. Gowaça meýdanlara joýa çekmekde daýhan birleşiklere şeyle hem etrap obahyzmat önümçilik dolanşygyna degişli tehnikalaryň 73-si işledilýär.
Etrabyň ekin meýdanlaryna ösüs suwyny tutmak üçin suw sorujy enjamlaryň 61-si gije-gündiziň dowamynda işledilýär. Şonuň netijesinde her güni etrap boýunça 480-den gowrak gektar ýere ösüş suwy tutylýar. Ähli ideg işleriniň talabalaýyk öz wagtynda geçirilmegi gowaçalaryň kadaly boý almagyna, bol hasyl toplamagyna uly mümkinçilik berýär. Atyzlara gül- gunçalara beslenip gelşik berip otyran gowaça meýdanlary synlanyňda hem munuň şeýledigini tassyklaýar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň esasy hünärmeni Çynar Berdikulyýewa.