Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylymyz daýhanlarymyz üçin rysgally ýyllaryň biri boljakdygy şübhesiz. Çünki bu ýylymyz ýagyş-ýagmyrly, ygally geldi. Ýylyň ygally gelmegi şol ýylyň hasylly boljakdygyny alamtlandyrýar diýlen jümleler ata-babalarymyzdan gelýän yrymlar hem bar. Ýagyşdyr-garyň ýagmagy esasan-da güýzlik bugdaýlar üçin örän ähmiýetli. Tebygy ýagan ygalyň kömegi bilen bugdaý maýsalaryna berilen mineral dökünleriň oňat eremegine, ýere gowy siňmegine mümkinçilik berýär. Şu günlerde Köneürgenç etrabynyň haýsy daýhan birleşiklerine baryp bugdaýly meýdanlary synlanyňda gözüň dokunýar. Al-ýaşyl bolup gün-günden kadaly boý alýan bugdaý maýsalary bol hasylyň kemala geljekdiginden habar berýär. Häzirki wagtda etrabymyzyň 1224-ny galla kärendeçileri güýzlik bugdaýlara ösüş suwyny tutýarlar. Ekin meýdanlar ene ýaplardan şeýle hem suw soryjy enjamlaryň kömegi bilen suwarylýar. Etrap boýunça suw soryjylaryň 20-sy güýzlik bugdaýlara suw tutmak üçin işledilýär. Her bir enjama jogapkär hünärmenler, işçiler berkidilip, suw soryjynyň üzniksiz talabalaýyk işlemegini gazanýarlar. Her gün etrabymyz boýunça 350-400 gektar ýere güýzlik bugdaýlara ösüş suwy tutylýar. Suwyň talabalaýyk tutylşyna miraplar, topar ýolbaşçylar gözegçilik edýärler. Güýzlik bugdaýlara ideg etmekde etrabymyzyň Akgala, Täzegüýç, Täzeýap, Watan, Kyrkgyz, Maslahat daýhan birleşikleri aýratyn tapawutlanýarlar. Güýzlik bugdaýlara ähli taraplaýyn ideg garaşyk işleriniň öz wagtynda talabalaýyk geçirilmegi netijesinde bugdaý maýsalary kadaly boý alýar. Munuň özi 17 müň 500 gektar güýzlik bugdaýdan 35 müň 900 tonna galla hasylynyň ösüp ýetişmegine uly mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni,KA-nyň işjeň agzasy Gülhumar HOJAHMETOWA