Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Ösüşlere beslenýär Eziz Diýarym

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda bu Güneşli Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda demokratik özgertmeleriň ýolunda bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Prezdidentimiziň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýan wezipelerinden ugur alýan Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň wekilleri olary üstünlikli ýerine ýetirmek-de yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar.Hormatly Prezidentimiz Agrar partiýamyz döredilende onuň işiniň üstünlikli alnyp baryljakdygyna uly ynam bildirdi. Bu belent ynamy ödemek ugrunda biz geçen döwrüň içinde tagallalary etdik. Partiýa tarapyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň oba zähmetkeşlerine berýän bagtyny ýaýmak, Hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny, oba hojalygynda yzygiderli kämilleşdirilýän kanunçylyk binýadyny wagyz etmek, ýurdumyzda giňden bellenilýän baramçylyklara işjeň gatnaşmak, köpçülikleýin medeni çäreleri guramaçylykly geçirmek oba hojalyk önümçiliginde bäsleşikleri guramak ýeňijileir höweslendirmek we sylaglamak ýaly işler alnyp barylýar.Ýurdumyzyň Agrar ulgamynda herekt edýän bu syýasy partiýa tarapyndan oba ýerlerinde we daýhan birleşiklerindäki ekerançylaryň we maldarlaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny, oba zähmetkeşleriniň yhlasly zähmet çekmekleri we eşretli ýaşamaklary üçin döwletimiz tarpyndan önüm öndürijilere berilýän ýeňillikleri, bank karzlaryny, oba hojalygyndaky salgyt ýeňilliklerini halk içinde wagyz etmek işlerini yzgiderli alnyp barylýar. Biziň oba ýerlerinde geçirýän wagyz-nesihat, düşündiriş işlerimizde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň diňe bir obanyň keşbini özgertmän, eýsem, türkmen obasynda bagtyýar ýaşaýan her bir adamyň dünýägaraýşyny aňdüşünjesini ösdürmekde oba durmuşyny galkyndyrmakda bahasyna ýetip bolmajak başlangyçlardygyna ünsi çekmegimiz oba zähmetkeşlerinde uly ruhubelentlikler döredýär. Şoňa göräde raýatlarymyzyň ruhubelent zähmet çekmekleri üçin olaryň aňyna we kalbyna Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik özgertmeleriniň many-mazmunyny yzygiderli ýetirip durýarys.

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň juda oýlanyşykly, parasatly başlangyçlary esasynda düýpli özgertmeleri hem-de bedew batly öňegidişlikleri gazanýan milli ykdysadyýetimizde agrosenagat toplumy möhüm orny eýeleýän pudaklaryň biridir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu pudagyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň azyk bolçulygyny yzygiderli pugtalandyrmak,daşarky bazarlardan getirilýän dürli görnüşli azyk önümleriniň öwezini özümizde öndürilýän ýokary hilli, tebigy taýdan arassa azyk önümleri bilen doldurmak, pudagyň eksport mümkinçilikleriniň gerimini giňeltmek öňde durýan derwaýys wezipeleriň biridir. Agrosenagat toplumynda ylmyň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmakda, täzelikleri önümçilige ornaşdyrmakda, öňdebaryjy tejribeleri ata-babalarymyzyň daýhançylykda toplan baý iş tejribeleri bilen utgaşdyrmakda, bilimli oba hojalyk hünärmenlerini taýýarlamakda gazanylýan üstünlikler döwrebap ösüşleriň buýsançly subutnamalarydyr. Ýeri gelende aýtsak, gök ekinleriň bol hasylyny ýetişdirmekde welaýatyň Gyzylarbat, Bereket, Etrek, Esenguly hem-de Magtymguly etraplarynyň kärendeçi daýhanlarynyň agzybirlikli çekýän  zähmeti bellenilen sepgide üstünlikli ýetiljekdigine uly ynam döredýär. Welaýatyň bu etraplarynyň gurply toprakly ýerlerinde ýetişdirilýän gök we bakja önümleriniň tagamynyň, ynsan saglygyna täsiriniň başgaçadygyny hem bellemek gerek.Türkmen daýhanyna öndürijilikli, döredijilikli işlemäge, päk zähmeti bilen bereketli topragymyzdan bol hasyl öndürmäge, halal baýap, eşretli durmuşyň hözirini görmäge  uly mümkinçilikleri döredýän Hormatly Prezidentimize oba hojalyk pudagynyň her bir işgäriniň alkyşlary çäksizdir.Üstünlikli amala aşyrylýan döwrebap işleriň Günbatar sebitinde oba hojalygyny okgunly ösdürmekde oňyn netijeleri berýändigini aýratyn nygtamak gerek. Hormatly  Prezidentimiziň Balkan topragynyň ýerli şertlerine görä ekinleri ekmegiň şu ýerde oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalary gurmaga mümkinçilikleri döretjekdigi babatda aýdanlary bolsa bu pudakda barha rowaç alýan beýik tutumlaryň esasyny düzýär.

 

Hurma Garaýewa

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň

Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk

we syýasy işler bölüminiň

baş hünärmeni