Türkmen-Owgan dostlukly gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Türkmençilikde “Hyýamat güni goňşudan”, “Keçäňi satsaňam goňşyňa sat, soň özüňem üstünde oturarsyň”, goňşy okara ýaly pederlerimizden galan ýol ýörelgeler bar. Ata-babalarymyzyň goňşa hormat goýmak, goňşa kyn gününde kömek bermek, goňşyňy edil öz doganyň ýaly görmek ýoly goňşyçynyň ýörelgesinden ugur alyp Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz goňşy Owganystan döwleti bilen dost-doganlyk gatnaşyklary berkitmekde, olara ynsanperwer kömekleri bermekde, Owganystandan parahatçylygy berkidip ykdysady ösüşleri ýokarlandyrmakda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinde çykyş edende goňşy we dünýä ýurtlarynyň bilelikde Owganystana ýardam bermegi wagyz edip, bu ugurda nusga alarlyk işleri durmuşa geçirdi. Netijede goňşy Owganystana ýeňillikli bahadan elektrik togy berildi, bilim, saglyk desgalarynyň birnäçesi guruldy, her ýyl ynsanperwer kömekler iberildi, demir ýollar çekildi. Bu ugurdaky gatnaşyklar bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli ösdürilýär.
Ynha Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň ýurdumyzda belentden toýlanýan günlerinde 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanda dabaraly ýagdaýda täze desgalary açmak we düýbüni tutmak dabaralary geçirildi. Bu dabara wideoaragatnaşyk arkaly Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Gahryman Arkadagymyz, şeýle hem Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahund gatnaşdylar we taryhy çykyş eydiler. Şol gün Serhedabat-Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan Serhedinde uzynlygy 177 metr demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda “Şanlyk-1” gaz gysyjy bekediň düýbüni tutmak, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň Ak ýoly bilen “Serhetabat-Hyrat” gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga bermek, Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygyna badalga bermek, Turgundy demir ýol berkediniň “Gury portunda” ammarlar tolumynyň hem-de Serhetabat- Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy-Sanabar böleginiň gurluşygyna badalga bermek we “Türkmenistan-Owganystan-Päkistan” elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän “Nur-el-Jahad” elektrik bekediniň işe girizmek dabaralary uly ruhybelentlikfr geçirildi. Şol gün ata Watanymyzdan demir ýol arkaly ugradylan ynsanperwer kömegiň doganlyk Owganystana gelip gowuşmagy bu baýramçylygy goşa toýa öwürdi. Gahryman Arkadagymyzyň goňşuçylyk gatnaşyklaryny Berkitmekde, goňşy we alysda ýaşaýan ýurtlar kyn güne düşende ynsanperwer kömekleri bermekde durmuşa geçirýän işlerini Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gharyman Serdarymyz üstünlikli dowam edýär. Muňa şu dabaralaryň geçýän güninde türkmen we owga halkynyň ýürek buýsançlarynda aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow