Görogly etrabyndaky “Garagum” maldarçylyk hojalygyna degişli mallaryň esasy bölegi dowarlar we düýeler bolup olar Garagum sährasynyň uzak öri meýdanlarynda bakylýar. Hojalygyň maldarlary öňümizdäki gyş möwsümine taýýarlyk işlerine tomus aýlarynda girişdiler.
Maldarçylyk hojalygyna düýe sürüleriniň 43 sany, dowar sürüleriniň 180 sanysy bolup olary idetmek garagum sährasynda mal bakmakda baý iş tejribesi bolan çopanlara ynanylýar. Maldarçylyk hojalygynyň kärendeçi çopanlary mallary ýokary we orta semizlikde saklamak üçin ýadowsyz aladalanýarlar.
Şu ýylyň gyş möwsümi üçin ot taýýarlamak işine hem uly ähmiýet berilýär. Maldarçylyk hojalygynda meýilnama boýunça samanyň 972 tonnasyny, iri baldakly otlaryň 6577 tonnasyny, arpanyň 135 tonnasyny taýýarlamak göz öňünde tutýarlar.
Maldarçylyk hojalygynda ot-iým taýýarlamak işine dürli kysymly tehnikalaryň we adam güýjiniň ýeterlik mukdary çekilýär. Ot taýýarlamak işinde ot orujylaryň 5 sanysy, ot tokgalaýjylaryň 5 sanysy, ot daşaýan traktorlaryň 9 sanysy öndürijilikli işledilýär. Şonuň netijesinde häzirki wagta çenli maldarçylyk hojalygy boýunça dürli görnüşli otlaryň 6577 tonnasy taýýarlanyldy.
Maldarçylyk hojalygy taýýarlanylan ot iýimler mallaryň gyşlanyljak ýerlerine daşaldy.
Maldarçylyk hojalygynda gyş döwri üçin atiýaçlyk ot iým taýýarlamak bilen bir hatarda ýyly haşarlary taýýarlyk işleri hem utgaşykly alynyp barylýar.
Oguljemal Berdiýewa Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hasapçysy.