Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Ot ätiýaçlygy döredilýär.

Daşaguz welaýat maldarçylyk we guşçylyk senagaty önümçilik birleşigniň garamagyndaky “Dowardarçylyk” Maldarçylyk hojalygy, Garagum maldarçylyk hojalygy, Daşoguz welaýat maldarçylyk toplumyna degişli mallaryň esasy bölegi dowarlar we düýeler bolup olar Garagum sährasynyň uzak öri meýdanlarynda bakylýar.

Gyş möwsümi üçin ot taýýarlamak işine hem uly ähmiýet berildi. Maldarçylyk hojalygynda meýilnama boýunça  samanyň 826 tonnasyny, iri baldakly otlaryň 6303 tonnasyny, arpanyň 125 tonnasyny, ýorunja bedäniň 200,19 tonnasy, silosyň 1397,2 tonnasy taýýarlanyldy.

Maldarçylyk hojalygyna düýe sürüleriniň 4523 sany, dowar sürüleriniň 5311 sanysy bolup olary idetmek garagum sährasynda mal bakmakda baý iş tejribesi bolan çopanlara ynanylýar. Maldarçylyk hojalygynyň kärendeçi çopanlary mallary ýokary we orta semizlikde saklamak üçin ýadowsyz aladalanýarlar.

Maldarçylyk hojalygynda ot-iým taýýarlamak işine dürli kysymly tehnikalaryň we adam güýjiniň ýeterlik mukdary çekilýär. Ot taýýarlamak işinde ot orujylaryň 4 sanysy, ot tokgalaýjylaryň 4 sanysy, ot daşaýan traktorlaryň 8 sanysy öndürijilikli işledilýär. Şonuň netijesinde häzirki wagta çenli maldarçylyk hojalygy boýunça dürli görnüşli otlaryň  7254 tonnasy taýýarlanyldy.

Maldarçylyk hojalygy taýýarlanylan ot iýimleri mallaryň gyşlanyljak ýerlerine daşaldy.

Maldarçylyk hojalygynda gyş döwri üçin atiýaçlyk ot iým taýýarlamak bilen bir hatarda mallar üçin ýyly haşarlary hem taýýarladylar.

   

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni Maýsa Öwezowa