Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba senagat toplumynda hem uly ösüşler gazanylýar. Oba hojalyk pudagynda köp zähmeti talap edýän, halkymyzyň ak altyna deňeýän ekini bu gowaçadyr. Gowaçadan bol hasyl almagyň esasy ugurlary gowaça ekiljek ýerleri gyş suwyndan gandyrmakdan, gowaça ekiş möwsüminde ýerlerde sürüm, tekizleýiş işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirmekden ybarat bolup durýar. Tejribeli alym agronomlaryň, halypa kärendeçileriň iş tejribelerine görä, gowaçadan bol hasyl almak, ýokary süýümli gowaça hasylyny ýetişdirmek üçin esasy işleriň ýene biri bu gowaçanyň tohumçylyk işine üns bermeli. Bu ugurda Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ylmy merkezlere, alymlara giň şertler döredildi we bu ugurdaky işler Hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Bu işlere Lebap welaýatynda hem uly üns berilip, welaýatymyzda hereket edýän ylmy merkezlerde we alty sany etraplarymyzda ýörite ygtyýarnama berilen onlarça daýhan birleşiklerde tohumlyk gowaça ekilýär we bol hasyl alynýan täze tohumlaryň üstünde yzygiderli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda welaýatymyzda S-26-06, Ýolöten-7, Ýolöten-39 ýaly birnäçe gowaça tohumlary ekilip, bol hasyl ýetişdirilýär. Mundan başga-da 2023-nji ýylyň gowaça ekiş döwründe welaýatymyzyň Saýat etrabynyň çäginde ýerleşýän ylmy merkezlerinde Ýolöten-50, Ýolöten-53 ýaly gowaça tohumlary ösdürilip ýetişdirildi we bol hasyl ýetişdirildi. Elbetde geljekki gowaça ekiş ýylynda gowaçanyň täze synagdan geçirilýän tohumlarynyň gektar sanynyň artjakdygy mesemälimdir.
Welaýatymyzda tohumlyk gowaçany taýýarlamak işleri Milli Liderimiziň ak patasy bilen ulanmaga berilen Garabekewül pagta arassalaýjy kärhanasynda we welaýatymyzyň etraplarynda hereket edýän pagta arassalaýjy kärhanalarynda ýokary derejede durmuşa geçirilýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň satyn alyp beren “Monosem”, “Kaspart” ýaly sanly ulgamda gowaça ekijilere Garabekewül pagta arassalaýjy kärhanasynda daşky gabygy aýrylan gowaça tohumlarynyň ýeterlik mukdarda taýýarlanýandygy buýsançly hakykatdyr. Sanly ulgamda gowaça ekişini geçirmeklik ilkinji nobatda gowaça tohumyny tygşytlamaga, ekiş döwrüni bellenilen möhletde amala aşyrmaga mundan başgada ýekelew işinde has ýeňilleşdirýär. Şeýle bolan soň 2023-nji ýylyň gowaça ekişi döwründe welaýat boýunça gowaça ekişi geçirilen 130 müň gektaryň aglabasynyň sanly ulgama amala aşyrylýandygyny uly joşgun bilen belläp geçmelidiris. Gowaça ekişi döwründe gowaça ekişini öz bellenen wagtynda ýerine ýetirmäge uly goltgy beren kuwwatly tehnikalar, tohumlar, mineral dökünler üçin döredip beren giň şertlerine Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza welaýatymyzyň babadaýhanlarynyň sag bolsunlarynyň çägi ýok.
Welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileri ýurdumyzda oba hojalyk işgärleri üçin döredilýän giň şertlerden peýdalanyp, 2023-nji ýylyň gowaça ekişini üstünlikli tamamlap, gowy gögeriş aldylar, otag, ýekelew işlerini, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, öz wagtynda suwarmak, ese boýa galan gowaçalara çürtüm işlerini geçirmeklik ýaly agrotehniki çäreleri üstünlikli durmuşa geçirdiler.
Babadaýhanlarymyz ene ýere yhlasyny siňdirip, agrotehniki çäreleriň giden bir toplumyny amal edenlerinden soň gowaçaly meýdanlar gülläp hasyla durdy. Pagtaçy kärendeçiler gowaça gülläp başlan soň hem badyny peseltmän gowaçany mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, organiki dökünleri berip suwarmak, hapa-haşal atlardan arassalamak, gowaça zyýan berýän zyýanly mör-möjekleriň, zyýankeşleriň garşysyna degişli agrotehniki çäreleri öz wagtynda durmuşa geçirdiler. Ynha babadaýhanlarymyzyň daban azabyndan, döredilip beren giň şertler esasynda welaýatymyzyň etraplarynda bol pagta hasyly kemala geldi. Biz muňa ýakynda Kerki, Halaç, Saýat, Çärjew, Dänew etraplarynda zähmet çekýän pagtaçy babadaýhanlarymyzyň armasyny ýetirip, Hormatly Prezidentimiziň Agrar syýasatyny wagyz etmek maksatly gowaça meýdanlaryna göz aýlanymyzda hem aýdyň göz ýetirdik.
Ynha ýakynda Hormatly Prezidentimiziň ak patasy, ýaşuly nesliň bissmilasy bilen welaýat derejesinde pagta ýygymyna badalga bermek maksatly Çärjew etrabynyň Watan daýhan birleşiginde uly çäre geçirildi. Şol gün ir säher bilen welaýat häkimliginde geňeş maslahaty geçirildi. Maslahatda welaýatymyzyň alym agronomlary, tejribeli babadaýhanlary, mehanizatorlary, oba senagat toplumynyň edaralarynyň jogapkär işgärleri çykyş edip, pagta hasylyna badalga berilmegi mynasybetli her bir adamyň etmeli işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler pagta ýygymy möwsüminde kuwwatly pagta ýygýan kombaýnlaryň 218-niň gatnaşýandygyny, ýygym möwsüminde pagta ýygýan kombaýnlaryň, traktorlaryň, maşynlaryň bökdençsiz işlemegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini buýsanç bilen belläp geçdiler.
Soňra geňeş maslahata gatnaşyjylar Çärjew etrabynyň Watan daýhan birleşiginde Hormatly Prezidentimiziň ak patasy, ýaşuly nesliň bissmilasy bilen pagta ýygymyna girişildi. Ilki ýaşuly nesliň pagta ýygymyna bissmila eden pursatyna, soňra pagta meýdanyna hatar gurup giren kuwwatly “Jonder” kombaýnlaryň ýygyma girişen pursadyna syn edip, 2023-nji ýylyň pagta ýygymynyň guramaçylykly geçjekdigine bolan ynamymyz has-da artdy.
Şu ýyl Lebaply pagtaçy kärendeçiler 130 müň gektar gowaça meýdanyndan 320 müň tonna ak altyny ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmagy meýilleşdirýärler. Welaýatymyzyň pagtaçylarynyň bu arzyly menzile ýetmekleri üçin ähli şertler we mümkinçilikler bar.
Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat, şäher we etrap komitetleriniň ähli işjeň agzalarynyň adyndan Lebaply pagtaçy kärendeçilere uly üstünlik arzuw edip, Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna we Hasyl toýuna zähmet ýeňişleri bilen gelmeklerini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Harmanyňyza bereket, Gahryman Arkadagymyz! Harmanyňyza bereket, Arkadagly Serdarymyz! Harmanyňyza bereket, pagtaçy babadaýhanlarymyz!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow