“Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly bolan 2024-nji ýylyň ajaýyplyklaryny wasp edip geçirilýän çärelerin çäklerinde Çärjew etrap Häkimligi, Türkmenistanyň Agrar patiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň işgärleriniň bilelikde gurnamaklarynda döwletimiziň milli baýlygy bolan ak pagtanyň ýygymynyň uly depginler bilen dowam edýän günlerinde Çärjew etrabynyň Azatlyk daýhan birleşiginiň pagtaçylarynyň arasynda günortan arakesme döwrunde bolup, Milli baýlygymyzy “Ýangyn howpundan goramagyň düzgünleri”, “Pagta biziň baýlygymyzdyr” diýen mowzuklarda çykyşlar edip, halal zähmetiň asyl nusgalaryny görkezip, pagta ýygymynda tapawutlanan pagtaçylaryň birnäçelerine Türkmenistanyň Agrar patiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň ýörite taýýarlan gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.
Duşuşygyň soňy Çärjew etrap medeniýet bölüminiň tansçylary, aýdymçylary özleriniň täsin çykyşlary bilen duşuşygyň täsirliligini has-da artdyrdy
Duşuşugyň esasy maksady döwletimiziň milli baýlygy bolan ak pagtany isripsiz ýygnap Watan ammarlaryna tabşyrmak ugrundaky ählihalk şygarynyň düýp mazmunyna öwrülendiginden nyşan boldy.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň başlygy Gülnur Abdyýewa