Döwletimiziň milli baýlygy bolan ak pagtanyň ýygymyna köpçülikleýin girişilen pursatlarynda Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgiýetiniň Lebap welaýat bölümi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komiteti tarapyndan, Lebap welaýat polisiýa bölüminiň ýangyn howupsyzlygynyň 521 bölüminiň harby gullukçylarynyň gatnaşmagynda Çärjew etrap pagta arassalaýjy kärhanasynda “Milli baýlygymyzy ýangyn howypyndan goralyň” ady bilen okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahadyna Çärjew etrap pagta arassalaýjy kärhanasynyň işgärleri, hünärmenleri, şeýlede etrabyň edara guramalaryndan, kärhanalaryndan daýhan birleşiklerinden awtoulag bölüminden wekiller gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgiýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni Çeper Jumaýewa, Lebap welaýat polisiýa bölüminiň ýangyn howupsyzlygynyň 521 bölüminiň müdiri içerki gullugynyň kapitany E.Töräýew, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň buhgalteti N.Durdybaýewa dagylar çykyşlar edip, ýangyn howypyndan goramak, ýangynyň döräp biläýjek sebäpleri dogrusynda ýörite taýýarlanylan görkezme esbaplaryň üsti bilen düşündiriş işleri geçirildi. Tehniki hyzmatlaryň amala aşyrylýan ýangyn howply çäklerde hyzmat edýän awtoulaglaryň sürüjilerini ulaglaryň tüsse çykaryjylarynyň ýörite serişdeler bilen üpjün edilmegi düşündirildi.
Okuw maslahatynyň esasy maksady ýurdumyzyň baýlygyna deňelýän ak pagtany ýangyndan goramak baradaky işleri wagyz nesihat etmekden ybarat boldy. Hünärmenleriň dürli muzuklarda eden çykyşlary bolsa maslahatyň täsirligini artdyrdy. Şeýle okuw maslahatlaryny, wagyz nesihat işlerini ýygy ýygydan geçirmeklik meýleşdirildi.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň buhgalteri Nasiba Durdybaýewa.