Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba senagat toplumynda hem uly ösüşler gazanylýar.Oba hojalyk pudagynda köp zähmeti talap edýän, halkymyzyň ak altyna deňeýän ekini bu gowaçadyr.Gowaçadan bol hasyl almagyň esasy ugurlary gowaça ekiljek ýerleri gyş suwundan gandyrmakdan, gowaça ekiş möwsüminde ýerlerden sürüm,tekizleýiş işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyk getirmekden ybarat bolup durýar.
“Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy” ýylynda Biziň Görogly etrabynda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär.
Hormatly Prezidetimiziň tabşyrygyna laýyklykda,ýurdumyzda pagta ýygymy möwsüminiň sazlaşykly işini yzygiderli üpjün etmek üçin ýerlerde ulanylýan tehnikalara gije-gündizleýin tehniki hyzmat işleri guraldy,merhanizatorlaryň,sürüjileriň we pagtany el bilen ýygmaga gatnaşýanlaryň öndürüjilikli işlemekleri, doly derejeli dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredildi.
Gowaça hasylynyň her bir hanasyny yrýa etmäni ýygyp almak üçin Pagtanyň ýapraklaryny düşürmek çäreleri gyzgalaňly geçirilýär.
Bu möwsümde pagta ýygýan kombaýnlaryň, traktorlaryň, maşynlaryň bökdençsiz işlemegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini buýsanç bilen aýdyp bileris.
Şu pugadyň ösdürülmegine gaty uly üns berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pagtanyň satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmagy muňa aýdyň subutnama bolup durýar.
Mundan başgada dokma senagatynyň ösüşleri hem şeýle aladalaryň netijesinde önümlerimiziň daşary ýurtlarda hem uly islege eýe bolmaklary biz ýaşlara has-da zähmet çekmäge höwes döredýär.
Welaýatymyzyň Çeper tikinçilik fabriginiň öndürýän önümleri el ýeterli nyrhlardan halkymyza ýetirilmegi ol ýerde dürli görnüşdäki egin-eşik önümleriň bolmagy bizi buýsandyrýar hem-de guwandyrýar.
Pagta ýygymy nöwsüminde etrabymyzyň kuwwatly pagta ýygýan kombaýnlaryň 15 si taýýar edilip olar häzirki wagtda gowaça hasylyny ýygnamakda giňden ýardam berýär .
Etrabymyzyň Daýhan birleşikleri we daýhan hojalyklary şeýle has ýeňil şertlerde işläp bol hasyly döwlet harmanyna tabşyrýarlar.
Magtymguly daýhan birleşigi hem-de H.Myradow adyndaky daýhan birleşikleri has güýçli depginde borçnamany ýerine ýetirmek üçin öňde baryjylaryň hatarynda zähmet çekýärler diýip bellemek gerek.
Bulardan başgada Şamedow Juma daýhan hojalygynda 25 tonna meýilnama boýunça tabşyryk bolup, 30 tonna golaýyny tabşyryp, tabşyrygy artygy bilen ýerine ýetirip ýurdumyzda giňden bellenilip geçilen hasyl toýyna özleriniň uly goşantlaryny goşdylar.
Bu möwsümiň dowamynda Türmenistanyň Agrar partiýasynyň Görogly etrap komitetiniň işgärleri bolup biz pagtaçylaryň we ýygymçylaryň arasynda ýygy ýygydan bolup zähmetde has tapawutlanan, gokary görkezijilere eýe bolan, agzalarymyza höweslendiriji sowgatlary hem gowşurdyk.
Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge, daýhanlarymyzyň ýokary netijeleri gazanmaklaryna döredip berýän ähli mümkinçilik şertleri üçin men Halkymyzyň milli lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza. Şu pursatdan peýdalanyp köp sag bolsunlarymy aýdýaryn,.Goý olaryn janlary sag.ömürleri uzak ähli tutumly işleri rowaç bolsun.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap komitetiniň Baş hasapçysy Işankulyýewa Läle