Daşoguz welaýatynyň ähli etraplarynda pagta ýygymy barha gyzgalaňly dowam edýär. Esasan-da pagta ýygym welaýatymyzyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda has-da guramaçylykly barýar. Bu etrabyň pagta kätendeçileri Pähim-paýhas ummany Magtymguly pyragy ýylynda 30 000 gektar ýerde gowaça ösdürip ýetişdirip, ondan 57 600 tonna ak altyn hasylyny öndürmegi göz öňünde tutýarlar. Etrabyň oba hojalykçylarynyň ýygym möwsümine ähli taraplaýyn ykjam taýýarlykly gelmegi, pagta ýygymynyň ýokary depginlerde gitmegine uly mümkinçilik berýär. Şonuň netijesinde ak altyn harmanlarymyz barha beýgelýär. 8-mart, daýhan birleşikden Aşyrowa Zöhre, Bozowa Ogulnabat, Ýalkym daýhan birleşikden Aşyrowa Gurbansoltan, Myradowa Ogulmaýa ýaly kärendeçileriň bellenen meýilnamalaryny üstinlikli berjaý etdiler. Bu kärendeçileriň göreldesine eýerýän etrabyň beýleki pagta kärendeçileri hem öz öňlerinde goýan meýilnamalaryny berjaý etmek, atyzlardaky ak altyn hasylyny gysga wagtda ýygnap watan harmanyna tabşyrmak ugrynda iş depginllerini barha batlandyrýarlar. Bu işde kärendeçilere ýüwrek elli ýygymçy gelin-gyzlarmyz ýakyn ýardamçy bolýarlar. Taýar hasyly pagta kabul ediş harmanhanalara daşamakda edara-kärhanalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň tehnikalary bokdenişsiz işledilmegi gazanylýar. Ýygym möwsüminde ähli işlerin sazlaşykly alnyp barylmagy ak altyn harmanlarymyzyň gün-günden beýgelmegine uly mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň esasy hünärmeni Çynar BERDIKULYÝEWA