Köneürgenç etrabynda 18000 gektar ýerde gowaçanyň biziň toprak howa şertlerimize oňat uýgullaşan görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Kärendeçiler şu günleri gowaçalara güniň talaplaryna görä ideg edip, hatar ara bejergi, ösüş suwyny tutmak, zyýan berijilerden goramak, boýy ýeten gowaçalarda çyrpma işini geçirmek ýaly möwsümleýin işleri berjaý edýärler. Kärendeçileriň päk zähmetiniň netijesinde ösdürilip ýetişdirilen ak-altyny bökdenişsiz kabul etmek we taýýar çig mal görnüşinde gaýtadan işlemek hem möhüm işleriň hatarynda durýar. Bu ugurda 2014-nji ýylda işe girizilen Köneürgenç etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhanada hem işler sazlaşykly alnyp barylýar. Kärhananyň garamagyndaky 7-ny pagta kabul ediş harmanhanalarda abatlaýyş işleri dowam edýär, pagta hasylyny kabul etmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Kärhananyň garamagyndaky traktorlaryň 23-sy, tirkeg teleşkalaryň 46-si abatlanyp, zerur tehniki hyzmatlar görkezilýär. Bu tehnikalar taýýar hasyly pagta kabul ediş harmanhanalara daşamakda peýdalanylar. Kärhanada hereket edýän labaratorýalarda hem degişli taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Bu labaratorýada pagtanyň çyglylyk, arassalyk ýagdaýy barlanyp, pagtanyň hil derejesi kesgitlener. Şeýle hem kärhananyň işgärleri bilen ýangyn howpsyzlyk düzginleri, tehniki howpsyzlyk barada düşindiriş we okuw sapaklary yzgider geçirilýär. Pagta arassalaýjy kärhanada ähli taraplaýyn taýýarlyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagy pagta ýygymy möwsüminde watanmyzyň baş baýlyklrynyň biri bolan ak-altyny bökdenişsiz kabul etmäge uly mümkinçilik berer.
Gülhumar HOJAHMETOWA Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni