Biziň oba hyzmat önümçilik kärhanamyzyň işi möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen bagly bolup durýar. Şonuň üçin ekinleriň ekilýän we hasyl ýygnalýan döwürleri aýratyn gyzgalaňly möwsümlere degişlidir. Kärhanamyzyň işçileridir mehanizatorlary işiň gyzgalaňly möwsümlerini aýratyn taýýarlyk bilen garşylamagy adat edindiler.
Kärhanamyzyň işgärleri ýene bir gyzgalaňly möwsüm-pagta ýygymy möwsümi ýetip gelýär. Munyň üçin taýýarlyk işlerine has irki möhletde girişildi. Kärhanamyzda pagta ýygýan kombaýynlaryň 46 sanysy bolup, olaryň ählisi möwsüme taýýar edildi. Gowaçalaryň ýapragyny düşürmek işinde ulanyljak derman pürküjileriň 53 sanysy bolup, olaryň 6 sy doly abatlanyldy.
Şu günler kärhanamyzyň ussalarydyr işçileri pagta ýygymy möwüminde ulanyljak tehnikalardyr gurallary abatlaga möwsüme taýýarlamak işlerini gyzgalaňly dowam etdirýärler.
Kärhanamyzda dürli ugurlara ýöriteleşen tejribeli ussalaryň onlarçasy bar. Baýram Ilamanow, Kadyrberdi Ilamanow, Şirhan Kömekow, Garýagdy Jumadyrdyýew ýaly ussalarymyzyň öz kärlerine ezberlik bilen erk edýärler. Olar ýaş işçilere öz tejribelerini öwretmekde hem aýratyn yhlaslylyk görkezýärler.
Kärhanada pagta ýygymyna taýýarlyk işleriniň barşyny gündelik üns merkezinde saklamak bilen işleriň ilerlemegi üçin dürli guramaçylyk işlerini alyp barýar. Tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilşini hemişelik gözegçilikde saklap işçilerimiziň iş durmuş şertleri dogrusynda aladalanylýarys diyip, Amannazar Baýranow Akdepe etrap oba hyzmat önümçilik käranasynyň baş inžineri.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni Maýsa Öwezowa