Oba hojalyk pudagynda gallaçylyk bilen deň hatarda gowaça ösdürip, bol hasyl almagada hem uly üns berilýär. Ak altyna deňelýän ak pagtamyz ýurdumyzda hereket edýän dokma senagatyna çig mal bolup hyzmat edýär, artykmajy daşary ýurtlara eksport edilýär. Gowaça ösdürilip ýetşdirilen soň pagta hasyly dokma senagatyna çig mal bolsa, çigidinden gowaça ýagy alynýar, gowaça ýagy sabyn öndürmek üçin çig mal hasaplanylýar. Gowaça çigidinden ýag alnan soň galyndysy mal iýim hökmünde ulanylýar, çöpünden kagyz, gurluşyk materiallary öndürilýär. Seredip otursaň gowaça örän girdejili oba hojalyk ekini bolmak bilen hasylyndan başlap çöpüne çenli durşy bilen bir hazyna. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda ýurdumyzda öndürilýän ak pagtanyň 5 göterimi öz ýurdumyzda gaýtadan işlenýärdi. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň täze başlangyçlary esasynda ata Watanymyzyň dürli künjeginde pagtany gaýtadan işleýän zawod-fabrikleriň onlarçasy gurlup ulanmaga berildi. Bu zawod-fabrikleriň ýurdumyzyň paýtagt şäherinde, welaýatlarda hat-da has çetki obalarda hem gurulyp ulanmaga berilmegi, öz ýurdumyzda öndürilýän pagtanyň agramly bölegini gaýtadan işläp, Türkmenistanda öndürildi diýen brend nyşanly önümleriň önmegine, daşary ýurtlara eksport etmäge, mundan başga-da müňlerçe täze iş orunlarynyň döremegine giň şertler döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň milli baýlygymyz bolan pagtaçylygy ösdürmek, pagtaçy kärendeçilere ene ýerden bol hasyl ýetişdirip, Watan harmanyna tabşyrýança ýeňillikleri, giň şertleri döretmek ugrunda durmuşa geçiren işlerini bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli dowam edýär. Köp ýyllyk daýhançylyk tejribesinden mälim boluşy ýaly gowaçadan bol hasyl almagyň esasy syry tohumçylyk işine uly üns bermeli. Bu ugurda alnyp barylýan işler Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan has-da ösdürilýär. Muňa geçen ýylyň aýanlaryna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryndan Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň, şol ýerde talyplaryň önümçilik sapaklaryny geçmek üçin ýyladyşhana we oba hojalygynyň dürli ugurlary boýunça önümçilik merkezleriniň, şol ýokary okuw jaýynyň ýanynda ylmy merkezleriň önümçilik merkezlerini gurmak boýunça eden başlangyjy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
2024-nji “Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Lebap welaýatynda 130 müň gektara gowaçanyň S-26-06, Ýolöten-7, Ýolöten-39 we ýene-de gowaçanyň täze synagdan geçirilen Ýolöten-50, Ýolöten-53 ýaly görnüşlerini ekmeklik göz öňünde tutulýar. Welaýatymyzda şu günler gowaça ekişine taýýarlyk işleri ýörite düzülen meýilnama esasynda alnyp barylýar. Şu günler Lebap welaýatynyň ähli etraplarynda hereket edýän pagta arassalaýjy kärhanalarynda pagtaçy kärendeçilerimizi golaýlap gelýän gowaça ekiş möwsüminde ýokary hilli gowaça çigidi bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň hakykatdanam şeýledigine biz ýakyndan Saýat etrabynyň Garabekewül tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen kärhanada bolanymyzda aýdyň göz ýetirdik. Bu zamanabap kärhana 2015-nji ýylyň tomsunda Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen işe girizildi. Ýokary öndürijilikli innowasion enjamlar bilen üpjün edilen kärhana her ýylda 40 müň tonnadan gowrak “ak altyny” kabul edip, gaýtadan işlemäge ukyplydyr. Bu kuwwatly zawotda sanly ulgamda işleýän agrigatlaryň kömegi bilen pagtaçy kärendeçilerimiziň öndüren pagta hasyly gaýtadan işlenenden soň pagta süýümleri dokma kärhanalarymyza ugradylýar we gowaça çigidi bolsa himiki serişdeleriň kömegi bilen gowaça çigidiniň gabygy aýrylan we gabykly görnüşde taýýarlanyp, ýörite gaplara gaplanyp sarp edijilere ugradylýar. Saýat etrabynyň çäginde hereket edýän Garabekewül tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen kärhanada şu günler durmuşa geçirilýän işleri ýakyndan synlap we beýleki etraplarda gowaça tohumyny taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän işler bilen ýakyndan tanyşyp, pagtaçy kärendeçilerimize tohum üpjünçiligi meselesinde hiç-hili bökdençligiň bolmajagyna aýdyň göz ýetirdik.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow