Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmen halky täze 2024-nji ýyly "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylyny uly ruhubelentlik bilen garşy aldylar. Bu ajaýyp şygar Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine we edebi mirasyna goýulýan uly sarpanyň nyşanydyr. 2024-nji ýylyň "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýyly diýlip yglan edilmegi, hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda halkara derejede giňden bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy şahyra uly sarpa goýulýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.
Türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onuň ajaýyp şygyrlary ynsan kalbyny ruhlandyrýar. Şahyr ähli türkmen halkyna baý edebi mirasyny, nesihatlaryny, öwüt-ündewlerini ýadygär goýdy. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara abraýyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Akyldar şahyrymyzyň ajaýyp setirleri diňe bir türkmen halkyny haýran galdyrman, eýsem onuň goşgulary daşary ýurtlarda hem öz dillerinde terjime edilip, höwes bilen okalýar. Magtymguly Pyragy her bir ynsanyň kalbynda belent adamkärçilikli ýaşamagyň nusgasy hökmünde kabul edilýär. Şahyryň edebi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri, onuň uly şahsyýeti belent adamkärçiligiň, ylahy päkligiň, ahlagyň, mertligiň, salykatlylygyň, watançylygyň, ynsabyň ölçeg daşy bolup, türkmen halkynyň arasynda ýaşap gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mertebeli menzillere barýan eziz Watanymyzyň dünýä dolan şany halkymyzyň her biriniň köňlüne ganat, ýüregine ylham, işlerine rowaçlyk bersin. Şeýle bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize hoşallygymyzyň çägi ýokdur. Goý, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylymyzda eziz Diýarymyz ösüşlerden-ösüşlere bedew bady bilen gadam ursun! Şeýle bagtyýar günleri döreden Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň esasy hünärmeni Rahym Seýtgulyýew