Her ýyly mynasyp atlandyrmak ýurdymyzda asylly däbe öwrildi. Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň 29-njy dekabr güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylyň şygaryny “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip atlandyrmak boýunça Mejlisiň Kararyny makullady. 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagynyň giden umman ýaly çuň manysy bar. Geçen ýyly Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgysy giň okyjylar köpçiligine gelip gowuşdy. Bu goşgyny okanyňda Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyrymyzyň waspyny çeper beýan edendigine göz ýetirýärsiň. Üstinden üç asyr geçen bolsada şu günki güne çenli akyldar şahyryň baý many mazmunly goşgylarynyň gadyr-gymmatynyň nä derejede ýokarydygyny açyp görkezýän bu goşgy Pyragynyň döredijiliginiň çeper beýany bolup durýar. Şeýle hem şu ýyly beýik akyldar atamyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Munuň ählisi beýik söz ussady bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýulýandyny alamatlandyrýar. Çünki Pyragynyň her bir goşgydyr, eserlerini okanyňda berkararlyk, asudalyk, watansöýjilik, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, dost-doganlyk, agzybirçilik ýaly ynsanperwer ýol-ýörelgeler öňe sürilýär. Hut şunuň bilen baglylykda akyldar şahyryň golýazmalar toplumy diňe bir türkmen edebiýatynda däl eýsem dünýä edebiýatynda aýratyn orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda şu ýylmyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy şahyryň ömür döredijiligine, goýulýan belnet sylag hormatyň nyşany bolmak bilen bir hatarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde akyldar şahyryň ömüni, döredijiligini, edebi mirasyny has-da giňden öwrenmäge, dünýä ýaýmaga uly mümkinçilik berer.
Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Köneürgenç etrap komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalaryň işgärleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň syýasy partiýalaryň jemgyýetçilik guramalaryň öňlerinde goýan möhüm wezipelerini ýerine ýetirmek, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny has-da dabaralandyrmak, hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny ilat arasynda wagyz etmek, düşündirmek boýunça ýörite düzlen meýilnama esasynda giň gerimli işleri geçirýäris. Geçen ýyly uly üstünlikler bilen jemlän bagtyýar halkymyzyň gadamlary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda has-da batly. Türkmen halkyny, berkarar watanmyzy ösüşleriň täze belentliklerine bedew bady bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadaglg Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, her bir döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin. Täze ýylmyz hem düşümli bolsun.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni Gülhumar HOJAHMETOWA