2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda Çärjew etrabynyň 63-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda Çärjew etrap hakimliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň we etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy zehinlerimize ylham çeşmesi üstünliklerimize badalgadyr” atly maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň işjeň agzalary, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap bölümleriniň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda 2024-nji ýylymyz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip atlandyrylmagy hem bütin türkmen halkyny buýsandyrýar. Sebäbi biz Magtymguly Pyragynyň “Berkarar döwlet istärin” diýip arzuw eden zamanasynda ýaşaýarys Magtymguly şahyryň: “Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň” diýen setirleri bu gün türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly Prezidentimiziň daşyna jebis bolup türkmen halky ýurdumyzyň gülläp ösmegine öz goşantlaryny goşup zähmet çekýärler diýip öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Çykyş edenler Magtymguly Pyragy ýiti zehini, akyl-paýhasy bilen dünýä ady dolan, taryhy geçmişimizi, häzirki bagtyýarlygymyzy, geljekki eşretlerimizi öňünden görüp, özüniň şygyrlary bilen ýürekleri nagyşlan umumadamzat şahyrydygyny, 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi öz eserlerinde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgelerini wasp eden türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyryna bolan ýokary sylagyň hem-de onuň dürdäne şygryýetine goýulýan belent sarpanyň subutnamasydyr. Beýik şahyryň watançylyk, terbiýeçilik ähmiýetli goşgulary bilen birlikde, kämil garaýyşlary özünde jemleýän çuň manyly şygyrlary ynsan kalbynda öçmejek yz galdyrýar diýip buýsançly bellenilip geçildi.
Maslahatda çykyş edenler öz çykyşlarynda Milli mirasymyzy ösdürmäge olary ýaş nesillerimize öwretmäge giň mümkinçilikleri döredip beren peder ýolyny dowam etdirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz hoşallyklaryny bildirip, berk jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap komitetiniň başlygy G.Abdyýewa