Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine mynasybetli 2024-nji "Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylyň 17-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda paýtagtyň günorta böleginde, Saglyk ýolunyň golaýyndaky tebigy baýyrda beýikligi 60 metr bolan beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Heýkeliň kompozisiýasynyň töwereginde seýilgäh zolagy dörediler. Medeni-seýilgäh toplumyň daşky girelgesi, suw çüwdürimleri, dynç alyş zolaklary, bassyrmalary we awtoduralgalary gurnaldy.
Açylyş dabarada medeni-seýilgäh toplumda edebi-çeper kompozisiýalaryň görkezilişi hem-de teatr artistleriniň, medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň dürli çykyşlary, yşyklaryň we dronlaryň üsti bilen şekilleriň görkezilişi, nusgawy şahyryň tutuş adamzat jemgyýetine belli bolan şygyrlarynyň ganatly setirlerini baýyrlaryň ýüzünde ýagtylandyrylyşy, baýramçylyk feýerwerkleri gurnaldy we dabara gatnaşanlarydahem-de myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri döretdi.
Beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini döretmäge Türkmenistanyň halk nakgaşy, Hormatly il ýaşulysy, heýkeltaraş Saragt Babaýew girişdi. Awtoryň pikirine görä, Magtymgulynyň keşbinde Gündogaryň tanymal edebiýatçylarynyň hatarynda tanalýan, halkyň arzuw-hyýallaryny ýaýan ynsanperwer dana şahyryň beýikligi beýan ediler. Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň ikisine mynasyp bolan Saragt Babaýewiň döreden türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň heýkelleri Stawropol, Astrahan, Ankara şäherlerinde goýuldy.
Milli heýkeltaraşlyk mekdebiniň ussady Saragt Babaýew Daşoguzdaky Göroglynyň heýkeli, paýtagtyň Halkara aeroportunyň golaýyndaky, Ginnesiň Rekordlar kitabyna giren “Oguzhan we onuň ogullary” çüwdürimler toplumy, “Ylham” seýilgähindäki tanymal ylym we medeniýet işgärleriniň heýkelleri we başga-da ençeme işleri bilen halk köpçüligi tarapyndan ykrar edildi.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň esasy hünärmen Marýam Ibadullaýewa