Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň galkynşy döwründe Hormatly Prezidendtimiziň saýasynda halkymyz ,,Pähim Paýhas Ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda zähmet üstünliklerini, belent sepgitleri amala aşyrmak üçin giň gerimli işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň ähli ulgamy bilen bir hatarda oba hojalyk pudagynda zähmet çekmek üçin döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanýan daýhanlaryň ýadawsyz aladalary özüniň oňyn netijesini berýär. Ýer eýelerine uzak möhletleýin ýer bölekleriniň berilmegi, ýokary hilli tohum dökün suw bilen üpjün edilmegi, daşary ýurtlaryň kämil kuwwatly tehnikalary olaryň tirkeg gurallarynyň alynyp berilmegi daýhanlarymyzy öňkidende gaýratly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Özleri hakda edilýän şeýle aladalara jogap edip Boldumsaz etrabynyň zähmetsöýer daýhanlary hem ýyl ýyldan bol hasyl öndürip ýurdumyzyň azyk bolçulygyna yksady kuwwatymyzyň barha ýokarlanmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Munyň şeýledigine oba hojalyk pudagynda gazanylýan ýokary netijeleriň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar.
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň daýhanlary ýetip gelen pile ýygnamak möwsümine taýarlyk görýärler. Olar bu jogapkärli möwsümiň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýüpek gurçuklarynyň pile saramagy üçin ähli amatly şertleriniň döredilmegine baglylygyna gowy düşünýärler. Gurçuk saklanjak ýerleri ýyllyk, yşyklandyryş, howa çalşygy, howanyň çyglylygy we beýleki zerur şertler bilen üpjün etmek üçin zerur çäreler görüldi. Etrapda ýüpek gurçugynyň ösmegi üçin ähli amatly şertleriň döredilen Boldumsaz Gubadag şäher pilehananyň bardygyny bellemeli. Taýarlyk çäreleriniň çäginde dürli guramaçylyk meselelerine, şol sanda ýüpek gurçuklaryny ýetişdirýän etrabymyzyň daýhanlary bilen şertnama baglaşmagyna hem uly ünüs berilýär. Ýüpek gurçugyny idedýän kärendeçiler bol pile hasylyny öndürmek ugrunda yhlasly zähmet çekip. Esasan hem olaryň iýmiti bolan tut ýapraklarynyň arassa hem-de ter bolmagy ugrunda aladalanýarlar ,,Pähim Paýhas Ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şahyrymyz Magtymguly pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda Ýüpek gurçugyny idetmek möwsümi bir aý töweregi dowam edýän hem bolsa hysyrdyly jogapkärli iş bolup durýar.Şu ýyl Boldumsaz etraby Meýilnama boýunça 1943 guty gurçuk tohumdan 71 tonna pile öndürmegi göz öňüne tutýarlar hemde bu sepgide abraý bilen ýetjekdiklerine öz öňünde goýulan wezipelerine welaýatymyzyň tutuş ýurdumyzyň pile harmanynyň has belent bolmagyna uly goşant goşjakdyklaryna uly ynam bildirýärler. Etrabymyzyň ýüpekçileriniň Watanymyzyň harmanyna bol pile hasylyny tabşyrmak ugrundaky ümzügi öňe gadamy batly .
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy Jumakow Ýusup