Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Pyragynyň arzuwlan zamany geldi.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly pyragy diňe bir türkmen halkynyň şahyry bolman, eýsem ähli halklaryň hem şahyrydyr. Magtymguly Pyragy özüniň çeper döredijiliginde ýaşan döwrüniň taryhy, syýasy jemgyýetçilik durmuşyndan söz açýan dürli temalarda goşgular ýazypdyr. Halk arasynda beýik akyldar şahyrymyz barada dürli rowaýatlar bar. Magtymguly ýaş wagtynda obanyň çekenesiniň owlak-guzularyny bakar eken. Ol özi ýaly çopan-çoluklar bile dostlaşyp, ýakynlaryndaky öri meýdanlarynda olar bilen duşuşyp, her hili oýunlar oýnaýarlar, kä wagtlar bolsa aýdym aýdyşýarlar, tüýdük çalyşýarlar, matal, erteki we şuňa meňzeş halk döredijilik eserlerini aýdyşýarlar. Magtymguly ýedi ýaşda öz atasynda okap başlaýar, on ýaşa baranda ol okamagy, ýazmagy başarýar. Ol çopanlardan öwrenen aýdymlaryny, kitaplardan okan goşgularyny ýatdan aýdyp başlaýar. Soň özi hem bir-iki bent kiçijik goşgular düzmäge synanyşýar. Magtymgulynyň iň ilki okan mollasynyň adyna Nyýaz Salyh diýer ekenler. Onuň ýerligi ärsary türkmenlerinden bolup, şu ýerlere mollaçylyk etmek üçin göçüp gelipdir. Magtymguly Pyragy oňat eserler döretmekden ötri, ýaz hem tomus wagtynda dowat-galamyny hem depder-kagyzlaryny göterip, Etrek çaýlarynyň owadan kenarlarynda, salkyn saýalarda, gyşyna bolsa daglaryň ömür şemal düşmeýän ýyly gowaklarynda oturyp ýazýar eken.

Şahyr öz halkynyň agzybir, parahat bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, gowy günleriň gelmegine garaşypdyr. Döwrüniň serdarlarynyň, han-begleriniň il güni şeýle agyr günlerden halas edip, halk bähbidi üçin möhüm işleri amala aşyrmaklaryny umyt edip ýaşapdyr. Bir sapar Eýran şasynyň garamagyndaky hanlaryň talaňçy nökerleri parahat oturan ýomut, gökleň taýpalaryny talap, köp mallaryny sürüp, bir näçe adamlaryny hem ýesir edip alyp gidipdirler. Oba ýaşulylary bir näçe oňat atlar, owadan halylar, gyzylly şaýlar, halat-serpaýlar ýygnap, Eýran şasyna sowgat eltip, ýesirlerini dilemekçi bolýarlar. Şol wagtlar Magtymguly tüýs diýen wagtyndaky ýaş ýigit eken. Magtymguly ýaşulylaryň ýanyna baryp:

Ýesir dilemäge Eýrana gidýän bolsaňyz, meni hem ýanyňyz bilen äkidiň, belki zyýanym degmez  diýse, ýaşulylar:

- Seniň ýaly jahyllaryň munuň ýaly möhüm ýerlerde işi bolmaz, bu işler aksakallaryň, ýaşulylaryň işidir diýip, Magtymgulyny özleri bile äkitmändirler. Haçan-da ýaşulylar gidende, Magtymguly hem olara duýdurman, garaba-garaba yzlaryna düşüp gidipdir. Şol wagtlar şa Mazendaran taraplarynda özüniň ýazky köşgünde bolýar eken. Türkmen ýaşulylary şanyň ýanyna baryp, özleriniň matlabyny aýdanlarynda, şa:

Beýle möhüm iş üçin gelen bolsaňyz, Magtymguly şahyr haýsy biriňiz bolarsyňyz? diýip soraýar. Şol wagt agajyň aňyrsynda gizlenip duran Magtymguly öňe çykýar-da: Siziň alyjenabyňyz, Magtymguly diýeniňiz şu kemine guluňyzdyr  diýýär. Şa ýaşulylaryň ýüzüne-de garaman: Siz Magtymguly bolsaňyz, näme dilegiňiz bolsa aýdyberiň diýýär. Magtymguly:

                 “Resul damadydyr, öz arslanyňdyr,

                   Ýa ymam Alyga bagyşla bizni”

 - diýip başlaýan goşgusyny aýdyp ugraýar. Şahyr bu goşguda şyga mezhebinde uly hormat goýlan ymamlary hem olaryň ata-babalaryny, neberelerini birin-birin ýatlaýar. Magtymguly bu goşgusyny heniz doly aýaklamanka, şa iki eli bilen ümläp:

 Berdim, berdim, berdim... diýip aglaberipdir. Soňra şa Magtymgulynyň öz köşk şahyrlary bile goşgy aýdyşmagyny talap edýär. Magtymguly olar bilen goşgy aýdyşanynda, içi gumly attorbanyň üstünde oturyp aýdyşýar. Şeýlelikde, Magtymguly hemme köşk şahyrlaryny ýeňýär. Şa bu ýagdaýa haýran galyp, näme üçin onuň attorbanyň üstünde oturýandygyny soraýar. Onda Magtymguly: - Bu torbanyň içinde hiç hili keramat ýok, munuň içinde diňe öz ata watanmyň topragy bar. Men şol topragyň üstünde oturan wagtym, oturan ýerim berk, sarsmaz hem ähli halkym arkamda duran ýaly bolup, hiç zatdan gorkmaýan hem hiç kimden ýeňilmeýän  diýip jogap berýär. Şa Magtymgulynyň köşk şahyry bolmagyny arzuw edip: -Sen iň ýagşysy şu ýerde gal, men seni ömrüň ötýänçä hor bolmaz ýaly ederin diýende, Magtymguly:

 Ýok, tagsyr, men köşk adamsy däldirin, halk adamsydyryn, halkym maňa garaşýandyr — diýýär. Şanyň gahary gelip:  Halkym, halkym... näme halkyň bar? Ne onda baş bar, ne onda aýak bar  diýende, Magtymguly:

Ýomut, gökleň täsip edip özünden,

Çyksa goşun, öňi-ardy bilinmez,

Sygman çykdy Desti-dahan düzünden,

Ýörän ýoly, gonan ýurdy bilinmez

diýip başlaýan goşgusyny aýdýar.

Akyldar şahyr bir döwletli –milli türkmen döwletini gurmagyň zerurdygyna düşünipdir. Magtymguly Pyragy ýowuz duşmanlardan goranmak, agzybirligi saklamak üçin türkmen halkynyň birleşmelidigine göz ýetirip, ähli türkmen halkyny “Türkmeniň”, “Gidiji bolma”, “Türkmen binasy” ýaly birnäçe öz goşgularynda agzybirlige,bir saçagyň, bir supranyň başyna jem bolmaga çagyrýar.

           -Türkmenler baglasak bir ýere bili,

            Gurudarys Gulzumy derýaýy-Nili.

            Teke, ýomut, gökleň,ýazyr, alili

            Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz

Ýa-da:

           -Pyragy, yşka ugraşdym,

            Derýa girdim,möwje düşdüm,

            Hor galmasyn puşdan-puşdum,

            Berkarar döwlet istärin

 

-diýip, häzirki  berkarar döwletimizi arzuwlap ötüpdir.

Biz akyldar şahyrymyzyň ýazyp giden setirlerini okanymyzda, berkarar döwletimize buýsanjymyz has-da artýar. Dana şahyr biziň häzirki ajaýyp zamanamyzy öňünden görüpdir.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bäş welaýat bäş dogan bolup, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşip abadnçylygyň, asudalygyň, jebisligiň, ýurdumyzy hemme taraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleri, döwletimiziň halkara abraýyny ýokara götermek üçin gije gündiz zähmet çekýärler. Ösüşleriň täze belentliklerini nazarlaýan ata Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, berkarar döwletimizi arzuwlan, öz halkynyň isleg arzuwyny ökdelik bilen beýan etmegi başaran beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenýän ýylyny “Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” diýip atlandyrylmagy Beýik akyldar we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň köňülleriniň çyragy bolar.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň esasy hünärmeni Baýramkulyýewa Gurbangül