Ykbaly göterilen agzybir halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretli günlerini toý-baýrama besläp, ýagty geljegine ynamly barýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly dabaralara beslenýän ajaýyp günlerinde akyldar şahyrymyzyň paýhas ummanynyň genji-hazynasyna öwrüljek täze “Magtymguly” atly kitabyň çapdan çykmagy bagtyýar il-ulsumyz üçin ajaýyp toý sowgadyna öwrüldi. Halkymyzyň hakydasynda paýhaslar mülküniň şasy bolup ýaşaýan dana şahyr Magtymguly Pyragynyň pähimlerini nesillerimiz aýratyn hormat goýup sarpalaýar. Şahyryň watançylyk, ahlak päkligi, söýgi, mertlik, gahrymançylyk, özbaşdak döwlet gurmak, agzybirlik, myhmanparazlyk, zenan mertebesi, zähmetsöýerlik, salyhatlylyk ýaly terbiýeçilik ähmiýetli goşgulary biziň günlerimizde hem tämiz owaz bolup ýaňlanýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 17-nji maýynda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze, “Magtymguly” atly kitabyň çapdan çykandygyny habar berendigi hem-de onuň ilkinji sanyny Gahryman Arkadagymyza sowgat hökmünde iberýändigi barada aýdanlaryny buýsanç bilen belläp geçdi. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň eserleriniň täze neşiriniň halkymyz üçin ajaýyp sowgat bolandygyny bellediler. Bellenilişi ýaly, kitapda akyldar şahyrymyzyň 271 sany goşgusy ýerleşdirilipdir. Kitap ýokary çap edijilik usulynda neşir edilip, ol beýik söz ussadynyň çeper keşbini suratlandyrýan ajaýyp suratlar bilen bezelipdir. Kitabyň 3 dilde aýratynlykda neşiredilmegi onuň daşary ýurtly okyjylar üçin hem elýeterli bolmagyny üpjün edýär.
Magtymguly özüne halypa saýan ähli ussatlaryndan ozduran şygryýet dagynyň şiri bolup, halkymyz onuň her bir sözüni nakyla deňäpdir. Goşgy setirlerini okan her bir ynsan onuň dür saçýan manysyna düşünmek üçin ençeme tomlary açmaly bolýar. Şygyr diwanyna seýil eden dertli derman tapyp, arzuw guşuna öwrülip, al-asmanda pelpelleýär. Ol dünýä mülküniň hazynasy bolup, geçmişiň gulpuny geljegiň açary bilen açypdyr. Älemiň syrlaryny zeminde açmagy başaryp, Jemşidiň jamyna öwrülipdir.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy Jennet Saparowa