Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Ruhybelentlige beslenen maslahat

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen deň hatarda ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabat şäherinde, etraplarda we obadyr-şäherlerde 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dabaraly çäreler, maslahatlar, tegelek stoluň başynda söhbetdeşlikler, hünär bäsleşiklleri uly ruhybelentlik bilen geçirilýär. Ine şeýle dabaraly maslahatlaryň biri-de Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Tebigaty goraýyş jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hem-de Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda geçirildi. Dabarly maslahatda ýaşuly nesliň wekilleri, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň işjeň agzalary, tebigaty goraýyş jemgyýetiniň işjeň agzalary, tebigaty goraýyş jemgyýetiniň işjeň agzalary, tebigy döwlet goraghanalarynyň işgärleri, muzeý işgärleri, şahyrlar buýsançly çykyşlary etdiler.olar öz çykyşlarynda Bitaraplygymyzyň waspyny belentden ýetirip, Garaşsyzlyk Baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň 30 ýylyň içinde sebitde, bütin dünýäde agzybirligi, parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklary dünýä ýaýmakda durmuşa geçirilen işleri barada täsirli gürrüňler etdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyzlygymyzy, Bitraraplygymyzy gazanmagymyz, dünýä ykrar etdirmegimiz uly bagt, ýöne ony gazanmakdan goramak, gelejekki nesillere ýetirmek has jogapkärçiligi talap edýär, şonuň üçin bu goşa gudraty gözümiziň göreji ýaly goramalydyrys, bütin dünýä ýaýmalydyrys diýen buýsançly sözleri uly joşgun bilen bellenilip geçildi.Dabaraly maslahatda çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen bu ugurda ýetilen sepgitlere nazar aýlap Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitarap döwlet biziň ata Watanymyzdyr diýilen buýsançly sözler ähli çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuny toýlan ýylymyzda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ata Watanymyzyň ikinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegi bu dereje, bu hormat ata Watanymyza halkara şertnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirýändigimiziň, bütin dünýä ýurtlarynyň Bitarap döwlet hökmünde ynamyna girip bilendigimiziň aýdyň subutnamasydyr diýip nygtap geçdiler. Çykyş edenler ata Watanymyzda üstümizdäki ýylda Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýunyň toýlanýandygy, ýurt we halkara derejesinde bellenilän uly baýramçylyga taýýarlyk görmegiň çäginde döwlet guramaçylyk toparynyň Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçiriýän maslahatlarda edilýän işler, öňümizde duran guramaçylyk çäreleri barada aýdyp geçdiler we Gahryman Arkadagymyzyň belläp geçişi ýaly bu uly toýy guramaçylykly, joşgunly geçirmekde biziň ählimiz öz zähmet çekýän ýerlerimizde döredijilikli zähmetimiz bilen öz goşantlarymyzy goşmalydyrys diýilip, bu ugurda durmu=a geçirýän işlerde Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna uly üstünlik arzuw etdiler.

Soňra dabaraly maslahata gatnaşyjylar Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşma ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli gurnan sergisine aýlanyp gördüler we bu muzeýde zähmet çekýän ildeşlerimize zähmet üstünliklerini arzuw etdiler.

 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow