Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Sagdyn jemgyýet - sagdyn nesil

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatlary, döwlet ähmiýetli tutumly işleri bu günki gün uly ösüşlere, özgerişlere eýe bolýar. “Meniň ilkinji nobatda ähli aladam halkym bolar” diýen şygary ýörelge edinýän türkmen halkymyz eşretli parahat durmuşda bol-elin ýaşaýar. Aýratynam Döwlet Baştutanymyzyň saglyk baradaky yzygider aladalary ýaşlaryň sagdyn ösmegine, ylymly-bilimli bolmagyna, watançylyk ruhynda terbiýelenmegine uly itergi berýär. Muňa döwletimiziň bagy-bossanlyga bürenmegi, hassahanalaryň, şypahanalaryň, saglyk öýleriň ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.  Melhemlik häsiýeti bolan şypahanalaryň durky düýpli täzelendi, iň öňde baryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň lukmançylyk enjamlary oturdyldy.

“Türkmenistanda bedenterbiýäni we sorty goldamagyň we ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin milli maksatnamasynyň“ kabul edilmegi bilen degişli döwür içinde köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň öňde durýan wezipeleri kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly “-Garaşsyz Watanymyzyň halkara sport abraýyny, şan-şöhratyny artdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak hem-de ýokary netijeli sporty dabaralandyrmak biziň öňümizde goýýan baş maksatlarymyzyň biridir.” Bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde döwletimizde sport desgalarynyň, aýlawlaryň, stadionlaryň,  bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň ençemesi guruldy. “Il saglygy ýurt baýlygy” diýip ýöne ýere aýdylmandyr. Şonuň üçin Arkadagymyz saglyk meselesini üns merkezinden düşürmeýär. Sagdyn nesil ýurdumyzyň geljegi, dowamatydyr.

Eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzyň şöhratly ýollaryny, pähim-paýhasa ýugrulan däp-dessurlaryny, mynasyp dowam etdirýän ýaş nesilleriň ösüp ýetişmegi dogrusynda, we ýaşlaryň ýaramaz endiklerden, neşe serişdelerinden gaça durmagy üçin mekdeplerde, köpçülik ýerlerde wagyz-ündew işleriniň täsirligi has hem ýokarlandyrylýar. Ata-babalarymyzyň ýaşlary sagdyn ruhda terbiýelemek baradaky asylly ýörelgesinden, “Sagdyn bedende – sagdyn ruh” diýen pähiminden ugur alnyp, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe agzybir hem zähmetsöýer halkymyzyň asuda hem eşretli durmuşda ýaşamagy, ösüp gelýän ýaş nesilleriň geljegi hakynda yzygiderli alada edýän Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini, janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!   

 

 

 

Gülbahar Baýrammämmedowa

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň

Balkan welaýat komitetiniň

Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň

esasy hünärmen