Her ýylyň aprel aýynyň 7-ine geçirilýän bütindünýä saglyk güniniň bellenip geçilmegi ynsan saglygyna dünýä jemgyýetçiliginde aýratyn ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar. Bu şanly sene biziň ýurdymyzda hem her ýyly giňden dabaralanýar. Halkara saglyk güni mynasybetli dürli bäsleşiklerdir, sport oýunlary, welosipedli ýörüşler guralýar. Sport bedenterbiýe hereketlerini özünde jemleýän bu çärelere sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly watandaşlarymyz uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy bilen berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglyk döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Halkymyzyň saglygyny gorap saklamak, saglygyny dikeltmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Ýurdymyzyň ähli welaýatlarynda, şäherlerinde, etraplarynda, obalarynda hassahanalar, anyklaýyş merkezleri, şypahanalar, saglyk öýleri gurlup ulanmaga berilýär.Iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bu binalar halkymyza ygtybarly hyzmat edýär. Bagtyýar raýatlarymyz dünýä ülňilerine kybap gelýän döwrebap anyklaýyş, sagaldyş merkezlerinde öz saglyklaryny berkidýärler. Saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegini, ýurdymyzyň raýatlarynyň saglygyny berkitmäge, ömür dowamlylygyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär. Tutuş ýurdymyzyň çar künjinde bolşy ýaly biziň Daşoguz welaýatymyzyň çäginde hem hassahanalardyr, şypahanalaryň, anyklaýyş merkezleriniň, saglyk öýleriniň yzygider gurlup ulanmaga berilýändigini bellemek gerek. Häzirki wagtda hem Daşoguz şäherinde 450 orunluk köpugurly hassahananyň, 150 orunluk onkologiýa merkeziniň gurluşyk işleri batly depginlerde dowam edýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygyny hemme zatdan ileri goýýandygyny ýene bir ýola äşgär edýär.
Il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän hormatly Prezidentimiz ýurdymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdyna öwürdi. Gahryman Arkadagymyz Watanmyzyň röwşen gelejegi bolan ýaş nesillerimiziň sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy, sagdyn ruhly berk bedenli bolmaklygy üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Şonuň netijesinde sporta höwesjeň ýaşlarmyzyň sany barha artýar. Gurlup ulanmaga berilen sport mekdeplerde ýaşlarmyz sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, bu günki gün ýurdymyzyň baýdagyny al-asmanda parladýarlar.
Hormatly Prezidentimiz her bir işde bize nusgalyk mekdep bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, sport bilen yzygider meşgullanmak, ýurdymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine özümiziň mynasyp goşandymyzy goşmak her birimiziň mukaddes borjumyz bolup durýar. Ata-babalarymyz hem “Ähli zadyň sakasy saglyk” diýip ýöne ýere aýtmandyr. Sport bilen yzygider meşgullanmak her birimiziň saglygymyzyň berk binýady bolup durýar. Halkymyzyň saglygy barada bimöçber alada edýän, ilatymyzyň bagtyýarlygy ugrynda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun.
Gaýypnazar Orazgeldiýew
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri