Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

SAGDYNLYK — RUHUBELENTLIGIŇ ŞAMÇYRAGY

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegine, sportuň goldanylmagyna we ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine gönükdirilen wezipeler milli kanunlarymyzda hem öz beýanyny tapýar. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda sagdyn durmuş ýörelgesi — adamyň saglygyny pugtalandyrmaga, onuň işjeň ýagdaýda uzak ýaşamagyna we durmuş wezipelerini ýokary derejede ýerine ýetirmegine, ýaşaýşyň zähmet, jemgyýetçilik, maşgala-durmuş, dynç alyş görnüşlerine işjeň gatnaşmagyna, şeýle hem keselleriň öňüni almaga gönükdirilen adamyň durmuşynyň keşbi diýlip kesgitlenýär. Onuň esaslaryny çagalyk döwründen sagdyn endiklerini, ukyplaryny terbiýelemek, howpsuz, amatly daşky gurşaw, temmäkiden, neşe serişdelerinden we alkogolly içgileri ulanmakdan ýüz döndermek, sagdyn iýmitlenmek, beden taýdan işjeň durmuş, şahsy we jemgyýetçilik gigiýenasyny düzýändigi bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslary, maksatlary, wezipeleri, ýörelgeleri, esasy ugurlary, çäreleri we tärleri göz öňünde tutulýar. Onda ýaşlar barada döwlet syýasaty — Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklarynyň we erkinliginiň hem-de goldanylmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş, ykdysady, syýasy, guramaçylyk we hukuk çäreleriniň ulgamy diýlip beýan edilýär.

Bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini döretmek babatda ýaşlaryň döwlet goldawyny öz içine alýan Kanunyň 31-nji maddasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýaş raýatlarda bedenterbiýä we sporta islegi ösdürmek, çagalar, ýaşlar, maşgala dynç alşyny döretmek babatda innowasiýa tehnologiýalaryny hem-de usulyýetlerini ornaşdyrmak maksady bilen sagaldyş-dynç alyş, mümkinçilikleri çäkli ýaş raýatlaryň beden ösüşini, bedenterbiýe, şeýle-de sport bilen meşgullanmaklaryny höweslendirmek boýunça çäreler ulgamyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek ýaly esasy ugurlar berkidilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň sagdyn ýaşaýyş, bedenterbiýe-sport babatyndaky nusgalyk göreldeleri, ýiti zehininden dörän kitaplary halkymyzyň gündelik durmuşynyň ýolgörkezijisine, ýaşlarymyzyň ylmy-okuw gollanmasyna öwrüldi. “Saglyk — bu her kimiň özbaşdak ýetmeli belentligidir” diýen jümle bar. Bu jümle hiç döwürde-de öz döwrebaplygyny ýitirmez. Her bir adamyň durmuş hiliniň ýagdaýy onuň saglyk ýagdaýyna baglydyr. Şonuň üçin-de, sagdyn durmuş ýörelgesinden ýöremek diýseň wajypdyr. Saglygy aýamak her bir adamyň özüne bagly bolup durýar. Sazlaşykly beden maşklary adamyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär, işeňňirligiňi artdyrýar, ruhuňy belende göterýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän, zyýanly endiklerden daşda durýan raýatlaryň yzygiderli artýandygyny, ýaşlaryň arasynda sport we bedenterbiýesi bilen meşgul bolýanlaryň köpelýändigi hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmekde, ilatyň saglygyny goramakda alyp barýan toplumlaýyn-ulgamlaýyn häsiýetli giňişleýin çäredir, işleriniň netijesi bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak diýmek öz saglygyňy goramak diýmekdir, sagdyn nesliň dünýä inmegini üpjün etmek diýmekdir, umuman sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, beden we ruhy, sosial we durmuş, ruhy we medeni taýdan bagtyýar, döwletli, atly-abraýly ýaşamak diýmek bolup durýar.

Ýurdumyzda “Saglyk” döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy, dürli halkara lukmançylyk merkezleri we ylmy-barlag kliniki edaralary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň öňdebaryjy tejribesi düýpli öwrenilýär hem-de milli saglygy goraýyş ulgamynda netijeli peýdalanylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-günüň bagtyýar durmuşda sagdyn we uzak ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdüri Ogulgerek SALYKOWA