Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramak wezipesi ähli zatlary öz içine alýan ulgamdyr we milletiň aýratyn alnan her bir adamyň ýaşaýyş durmuşyny üpjün etmegiň gündelik hakykatydyr. Munuň özi häzirkizaman lukmançylyk merkezleriniň we şypahanalarynyň gurulmagy hem, ekalogiýa baradaky aladalarda hem, köpçülikleýin sport hereketlerini, şeýle hem biziň her birimiziň aňymyzda sagdyn-ýaşaýyş durmuş ýörelgeleriniň endiklerini, ruhy we ahlak gymmatlyklaryny ornaşdyrmakda-da hem öz beýanyny tapýar. Sagdyn durmuş ýörelgesi munuň özi daşky gurşawyň tebigy we sosial faktorlaryň täsiri esasynda saglygy goramaga we berkitmäge gönükdirilen ýokary hilli ynsan durmuşudyr. Elbetde, sagdyn bolmak üçin her bir ynsanyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip ýaşamagy esasy talap bolup durýar we munuň esasy şertleri şulardan ybaratdyr.
Kadaly iýmit. Kadaly iýmitiň esasy ýörelgesi aramlylyk we dürli-dürlidir. Çünki beden ähli zerur ýokumly maddalary makro we mikroelementleri almalydyr. Witaminlere we minerallara baý gök önümleri ýeterlik derejede ulanmalydyr. Şonuň ýalyda öz iýmitiň düzüminde süýt önümlerini, ýumurtga, balyk, ýagsyz et, noýba, hoz we maňyz goşmalydyr.
Gün şöhlesi. Gün şöhlesiniňbedene peýdalytaraplaryny köpleriň bilmeýän bolmagyda ahmal. Bu ylmy taýdan hem doly subut edilendir. Ol bedeniň gorag ulgamynyň öýjüklerini işjeňleşdirip deridäki zyýanly bakteriýalary we öýjükleri ýok edýär, ganda myşsalara kuwwat berýän maddanyň emele gelmegine ýardam berýär. Şeýlelikde günüň täsiri bilen kuwwatlanan myşsalar bedenimiziň işjeňligini artdyrýar, nerw ulgamyny berkidip, özüňi oňat duýmana mümkinçilik berýär. Günüň täsiri bilen ynsan bedeninde D witamini emele gelip, onuň boýuň ösmeginede we bedeniň gorag ulgamyny berkitmekde ähmiýeti uludyr. Belli bir wagt aralygynda ýiti bolmadyk güneşiň astynda gezmegiň peýdaly taraplary kändir. Ýöne uzak wagtlap jöwzaly günüň astynda gezmeklik, hiç bir jähtden makullanylmaýar. Sebäbi gün şöhleleri gan basyşyňy ýokarlandyrýar. Ýürekagyrylylara we öýken kesellilere uzak wagtlap günüň astynda gezmek maslahat berilmeýär. Ýiti bolmadyk gün şöhleleri ýeterlik kabul edilende saglygy goramakda, özüňi duýşuňy gowulandyrmakda we bedeniň gorag ulgamyny berkitmekde örän peýdalydyr.
Suw. Bedenimiziň kadaly hereketde bolmagy üçin günde 1,5-2 litr suwuklyk kabul edilmeli, onuň 2/3 bölegi bolsa adaty suw bolmalydyr. Bedende suwuň ýetmezligi kelleagyra, ýadawlyga, ysgynsyzlyga, gyzmalyga, iç gatama, ýüzüň ýellenmegine, ukynyň bozulmagyna getirýär.
Fiziki maşklar. Fiziki türgenleşik diňe bir maddalaryň çalyşmasyny we bedendäki ganyň aýlanşyny gowulandyrman, eýsem bedeniň gorag ulgamyny berkidýär we maddalaryň çalşygyny kadalaşdyrýar. Ulular her günde azyndan on müň ädim ýöremelidir. Şeýle hem hepdede bäş sapar ylgaw, ýüzüş we sportuň beýleki görnüşleri bilen bir sagada golaý meşgullanmak peýdalydyr.
Çynar Berdikulyýewa. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň esasy hünärmeni.