Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Saryja goýny milli gymmatlygymyz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz türkmen halkyna özüniň milli gymmatlyklaryna guwanmaga, buýsanmaga we olary ylmy esasda ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsys tagallalary bilen ýurdumyzda ähli pudaklarda öňe gidişlikler, özgerişler durmuşa geçirilýär. Şol sanda maldarçylyk pudagynda hem ýetilýän sepgitler örän buýsandyryjydyr. Bu bolsa maldarçylygyň döwrebap ösdürilmegine, milli tejribelere esaslanyp, tohumçylyk-seçgi usullaryny hem-de dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlaryny peýdalanmak bilen köpeltmeklige we olaryň önümliligini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilik döredýär.

         2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyzyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde aňyrsyna- bärsine göz ýetmeýän uç-gyraksyz Garagum sährasynda dowar bakyp ýören çopan bilen söhbetdeş bolmagy hem-de oba ilatynyň ýaşaýşy bilen gyzyklanmagy ýylymyza aýratyn millilik öwüşginini çaýdy.

         Eziz Diýarymyzda milli gymmatlygymyz bolan saryja goýunlaryň baş sanyny artdyrmak we nesil goruny gorap saklamak, olardan alynýan ýüň, et-ýag önümliliginiň bolçulygyny döretmek maldarlaryň öňündäki esasy wezipedir. Ýurdumyzda saryja goýunlarynyň ýarym-irimçik ýüňüni haly önümçiliginde peýdalanmak, ilaty et-ýag we et önümleri bilen üpjün etmek babatynda mynasyp işler durmuşa geçirilýär.

Saryja goýny deňi-taýy bolmadyk nepis türkmen halylaryny dokamak üçin gymmatly çig mal bolan ýüň berýän dünýäde ýeke-täk tohumlaryň biridir. Parasatly pähim “Düýe ýüňünden guşak edin, goýun ýüňünden düşek edin” diýen aýtgydan görnüşi ýaly, saryja goýunlarynyň baş sanyny artdyrmak, olardan sagdyn owlak-guzy almak, önümliligi ýokarlandyrmak gös-göni tohumçylyk işler bilen baglanyşyklydyr. 

Saryja goýunlarynda tohumçylyk işini alyp barmagyň esasy maksady bu goýunlaryň tohumyny has-da kämilleşdirmekden, ýagny olaryň ýüň önümliligini artdyrmakdan, ýüňüniň hilini gowulandyrmakdan we et-ýag önüm berijilik ukybyny ýüze çykaryp, olaryň köpelmegini, örňemegini ýokary derejede üpjün edýän gowy şertlerini döretmekden hem-de mallary maksada laýyk seçip saýlamakdan we jübütleşdirmekden ybarat bolup durýar.

         Saryja goýunlar bilen meşgullanýan hojalyklaryň her birinde tohumçylyk işi alnyp barylmalydyr. Iri dowardarçylyk hojalygynda dowarlary hil toparlaryna bölmek, ene goýunlaryň ýaşy we klasy boýunça sürüleri düzmek, şularyň esasynda bolsa hojalykda tohum mallaryň özüni ýa-da tohumçylyk fermalaryny döretmek, tohumçylyk işini alyp barmagyň esasy şertidir. Saryja goýunlarynda tohumçylyk işini talaba laýyk alyp barmak we ýokary önüm berýän tohum mallaryň baş sanyny yzygiderli köpeltmek üçin olary gyş möwsüminde ýeterlik ot-iým bilen üpjün etmek zerurdyr. Maldarlar dowarlary dok gyşlatmak müwsümini üstünlikli tamamlamak bilen geljekde wajyp möwsümleriň biri bolan owlak-guzy möwsümine taýýarlyk işlerini görýärler. Şeýle işleriň netijeli geçirilmegi mallaryň baş sanynyň artmagyna hem-de olaryň tükel saklanmagyna peýda berýär. Saryja goýunlaryny gyş paslyndan orta semizlikde çykarmak arkaly sagdyn owlak-guzular kemala gelýär. Sagdyn owlak-guzularyň ösüp ýetişmegi, olardan alynýan ýüň, et-ýag önümleri  bolsa, azyk bolçulygyna mynasyp goşant goşmakda zerur şertleriň özeni bolup durýar.

 

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň

Maldarçylyk kafedrasynyň

mugallymy Agarahmet Satlykow