Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe 2021-nji ýylyň 28-nji martda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda, şeýle hem Halk Maslahatynyň karary esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan hem-de döwletimiziň demokratik esaslarynyň has-da pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkarar edilmegine gönükdirilen taryhy ähmiýetli waka öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, Türkmenistanyň Esasy Kanunyny döwrebaplaşdyrmak işleri döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça birnäçe ýyl mundan ozal başlandy. Hut şonda Gahryman Arkadagymyz merkezi we ýerli wekilçilikli edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagy baş wezipe hökmünde kesgitledi. Çünki bu düzümler ýurdumyzda häkimiýetiň ýeke-täk gözbaşy hasaplanylýan halk tarapyndan kemala getirilýär. 2020-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynda hormatly Prezidentimiz döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli kanunçykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly anyk wezipeleri kesgitledi hem-de teklibi esasynda Konstitusiýa laýyklykda, “Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda” Kanun kabul edildi, şol resminamadan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip taýýarlanyldy. Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Munuň özi berkarar döwletimizde parlamentarizmi we demokratik özgertmeleri ösdürmekde täze ädim boldy.
Geçirilen saýlawlaryň ozalky saýlawlardan düýpli tapawutlanýandygyny bellemek gerek. Olar ýurdumyzda ilkinji gezek göni däl saýlaw hukugy esasynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň mejlislerinde geçirildi.
Saýlawlara welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň jemi 231-si gatnaşyp, olar degişli saýlaw toparlary tarapyndan hasaba alyndy, ýagny saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 37-si, Balkan welaýatynda 39-sy, Daşoguz welaýatynda 39-sy, Lebap welaýatynda 38-si, Mary welaýatynda 39-sy, Aşgabat şäherinde 39-sy hasaba alyndy.
Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary bu möhüm wakanyň dabarasyny artdyrdy. Saýlawlarda ses bermek Döwlet senamyzyň ýaňlanmagynda sagat 10-da başlandy.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary bäsleşik esasynda geçirildi — ýurdumyz boýunça Merkezi saýlaw toparynda bellige alnan dalaşgärleriň 112-si 48 mandat üçin bäsleşdiler, munuň özi bir ýer üçin 2-3 dalaşgäriň bäsleşendigini aňladýar. Olara birmeňzeş mümkinçilikler döredildi.
Saýlawlaryň geçirilişine syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýat toparlary hem-de dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 440-sy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde syn etdiler, olaryň esasy wezipesi saýlawlaryň açyklygyny hem-de aýanlygyny, kanunçylyga laýyklygyny üpjün etmekden ybarat boldy.
Halk Maslahatynyň agzalygyna watandaşlarymyzyň hormatyna we ynamyna eýe bolan, berkarar Watanymyzyň kuwwatyny, türkmen halkynyň abadançylygyny we rowaçlygyny has-da pugtalandyrmagyň bähbidine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde güýjüni, tejribesini we bilimini gaýgyrmaýan mynasyp dalaşgärleri saýlamak üçin ähli şertler döredildi.
Kanunçykaryjy edaranyň Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolan iki palataly düzüminiň döredilmegi dünýä we milli demokratik tejribesine, halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna kybap gelýär.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji fewralynda Mejlisiň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda çykyş edip, ýurdumyzyň döwlet häkimiýetiniň kanunçykaryjy edarasynyň hil taýdan täze, iki palataly parlament ulgamyna geçirilmegi döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda örän möhüm taryhy wakadyr hem-de biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgämiziň we onuň amala aşyrylmagyna gönükdirilip durmuşa geçirilýän yzygiderli döwlet syýasatymyzyň dabaralanmagydyr diýip belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň kanunçykaryjy häkimiýet edarasynyň özgeridilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň, sebitleriň bähbitlerine milli parlamentde has gowy wekilçilik etmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa döwrüň wagty ýeten meselelerini çözmäge ýardam eder. Kanunlaryň taýýarlanyşyny we ulanylyşyny kämilleşdirmäge oňyn täsirini ýetirer. Deputatlaryň saýlawçylar bilen has ysnyşykly gatnaşyklaryny ýola goýmaga şertleri döreder. Kanunlaryň we döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi netijeli amala aşyrmaga gowy mümkinçilik berer.
Açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, guramaçylykly geçirilen bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmagyň ýolunda ähmiýetli ädime öwrüldi. Şol ýörelgeler milli Liderimiziň Watanymyzyň rowaçlygyny, halkymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar.
Halmämmedowa Mähri
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Ak bugdaý etrap komitetiniň esasy hünärmeni.