Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Saýlawlara uly ruhybelentlikde barýarys

Ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan saýlawlar milli demokratik ýörelgelere, häzirki zaman halkara kadalaryna laýyk derejede geçirilýär. Bu ugurda ata Watanymyzda Prezident saýlawlaryny, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryny, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň saýlawlaryny, Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny geçirmekde uly tejribe toplanyldy.

Saýlawlary geçirmegiň ähliumumy ykrar edilen halkara, demokratik kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi esasynda ýurdumyzda raýatlaryň saýlaw hukuklary demokratik ýörelgeler esasynda durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir” diýen baş ýörelgesi esasynda  türkmen jemgyýeti hil taýdan özgerdi, jemgyýetimizde kämil ýörelge kemala geldi. Onda emele gelen sazlaşyk bolsa köp partiýalylygyň döremegine, dürli gatlaklaryň pikirlerine çuňňur hormat we sarpa goýulmagyna getirdi. Netijede ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagy, raýat jemgyýetini kämilleşdirmäge, saýlawlaryň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen işleriň gerimi barha giňeldi.

Ynha, 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryda häzirki zaman täze görnüşdir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we saýlaw kodeksine laýyklykda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary gizlin ses bermek arkaly, göni däl (gytaklaýyn) saýlaw hukugynyň esasynda welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde geçiriler. Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda welaýatlarda we Aşgabat şäherinden 8 agzadan saýlanylar we Halk Maslahatynyň 8 agzasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilip, olaryň jemi sany 56 agzadan ybarat bolar. Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda  şol bir adam bir wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň hem agzasy bolup bilmez. Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda, eger-de ol bu hukugy ulanmakdan ýüz döndermese, Türkmenistanyň her bir eks-prezidenti Halk Maslahatynyň agzasy bolup durýar.

Saýlawlar güni ses berilende welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň öz erkini beýan edişine gözegçilik etmäge ýol berilmeýär, olar dalaşgärlere erkin ýagdaýda ses bererler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatlynyň agzalarynyň birinji saýlawlary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenildi. Halk Maslahaty gelejekde nobatdaky saýlawlaryny olaryň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagyna üç aý galanda Halk Maslahaty tarapyndan belleniler.

Halk Maslahaty saýlawlary bellemek hakynda karar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde resmi taýdan çap edilip halk köpçüligine ýetirilýär.

Türkmenistanyň saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar saýlaw möwsüminiň başlandygy hakynda saýlawlar günine azyndan ýetmiş gün galanda yglan edýär. Bu habar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halka ýetirilýär.

Saýlawlara taýýarlyk döwründe we saýlaw geçirilende saýlaw topary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet häkimiýet edaralarynda garaşsyzdyr.

Saýlawlar geçirilýän döwründe saýlaw toparlarynyň işine döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikeleriniň, edaralarynyň, guramalarynyň, kärhanalaryň, şeýle-de wezipeli adamlaryň hem-de raýatlaryň gatnaşmagyna ýol berilmeýär.

Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmegi Türkmenistanyň Merkezi Saýlaw topary, degişli welaýat saýlaw toparlary we welaýat halk maslahatlary üpjün edýärler.

Saýlawlarda welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlary ses bermegi gurnaýar we geçirýär hem-de jemini jemläp Türkmenistanyň Merkezi Saýlaw toparyna hasabat berýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda saýlawlara syn etmegi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde dalaşgärleriň ynanylan adamlary, milli synçylar amala aşyryp bilerler.

Döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryndan, kazylardan prokurorlardan, saýlaw toparlarynyň agzalaryndan, dalaşgärlerden, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryndan başga saýlaw hukugy bar bolan Türkmenistanyň raýaty milli synçy bolup biler.

Milli synçylary bellemek hukugy syýasy partiýalara jemgyýetçilik birleşiklerine, raýatlaryň toparlaryna we dalaşgärlere degişlidir. Milli synçy bellemek hukugyna dalaşgärler bellige alynandan soň eýe bolýarlar. Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda dalaşgärler bäşe çenli milli synçy bellemek hukugyna eýedir.

Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary, dalaşgärler öz bellän milli synçylaryny welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparyna habar berip, saýlaw toparlaryna bellige aldyrdylar. TAP-yň Lebap welaýat, etrap, şäher komitetlerinden hem 13 sany milli synçy bellenilip, saýlawlaryň guramaçylykly geçmegi üçin işjeňlik görkezýärler. Olar häzirki wagtda dalaşgärleriň halk köpçüligi bilen duşuşyklaryna gatnaşyp, welaýat saýlaw topary bilen işjeň aragatnaşyk saklaýarlar.

Biz hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, TAP-yň Lebap welaýat, etrap, şäher komitetleriniň işjeň agzalary bolup 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek saýlawlara gatnaşýan wekillerimize üstünlik arzuwlap, saýlawlaryň guramaçylykly, toý-baýrama beslenip geçmegini arzuw edýärler.

 

Bagtyýar Derkarow

TAP-yň Lebap welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler boýunça bölüm müdiri, Mejlisiň deputaty.