Köneürgenç etrabynyň pagta kärendeçileri geljek ýylyň ekiş möwsümine ýerleri taýýarlamak işini barha gyzgalaňly dowam etdirýärler. Häzirki wagtda hasyldan boşan 18 müň gektar ýerde sürüm, tekizleme işleri gyzgalaňly dowam edýär. Bu işde hem etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň tehnikalarynyň güýjinden peýdalanylýar. Kärhananyň dürli kysymly tehnikalarynyň 26-sy sürümde, 14-sy tekizlemede iş alyp barýarlar. Sürüm tekizleme işlerine gatnaşýan tehnikalara iş üstünde zerur tehniki hyzmatlar görkezilýär, bu jogapkärli işiň ýokary depginlerde gitmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde sürlen ýerleriň gektar sany barha artýar. Her güni 100 gektardan gowrak ýerde sürüm, şonça gektar ýerde tekizleme işleri ýokary hil derejesinde geçirilýär. Sürüm tekizleme işleriniň öz wagtynda talabalaýyk geçirilmegi ýerleriň oňat taplanmagyna, gurplanmagyna uly mümkinçilik berýär. Hut şunuň bilen baglylykda bu işi gysga wagtda geçirmäge çalyşýarlar. Etrabymyzyň Akgala, Täzegüýç, Derýalyk, Zaman, Bereket, Maslahat, Kyrkgyz daýhan birleşiklerinde sürüm, tekizleme işleri has-da batly depginlerde barýar. Kärendeçiler hem özleriniň gowaça meýdanlarynyň gyra töwereklerin, çilleri arassaçylyk işlerini geçirýärler, guran ot çöplerden, suw geljek akabalary gyrmançalardan arassalaýarlar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni Gülhumar HOJAHMETOWA