Türkmen halkynyň iň bir mukaddes saýýan taryhy mirasymyz bolan tamdyr, onuň mukaddes kerematy çuňňur, örän gyzykly taryhy bar. Türkmen halkynyň durmuşynyň aýratynlyklarynyň biri hem mukaddes tamdyrdyr. Keramatly tamdyrda bişirilýän ýakymly ysy bilen özüne çekýän mele myssyk çörekler ony dadyp görenleriň hiç birine-de biparh goýmaýar. Tamdyr barada gürrüň edenimizde, onuň öran uly hem-de çuňňur taryhy ähmiýeti bar. Türkmen tamdyry barada söhbet edeniňde, gün ýaly lowurdap duran mele myssyk nanymyz göz öňümizde janlanýar. Eneleriň yhlasyndan ýugrulan keramatly tamdyryň gudratyndan bişen çöregiň tagamyda üýtgeşik bolýar.
Tamdyr gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň, özara hormat sylagynyň nyşany saýylypdyr. Gadymy wagtlarda il agzybirligini kesgitlejek bolsaň, şol ýerdäki tamdyryň näçedigi barada gyzyklanylypdyr. Eger-de ol ýerde ýekeje tamdyr bolup, bütin obada şondan çörek iýýän bolsa, onda şol obanyň adamlarynyň gaty agzybir we jebisligiň alamaty hökmünde tanalypdyr. Öňler syrgynyň ýa-da obanyň içinde ýekeje tamdyr bolup, şol günki çörek bişirjek zenanlar biri biriniň yzyndan nobat bellär ekenler. Olaryň goýup giden ýekeje daşy kesegi nobat görnüşinde görlüpdir. Oňat terbiýe alan türkmen maşgalasy nirede bolsada bikar otyryp bilmeýär. Ol özünden öň çörek bişirip otyran boýdaşyny hem goldaýar. Çöreklerini tikeçläp arkasyny gyrmana kömek edýär eken. Şeýle mähirli gatnaşyklar töwerekde çöregiň ysyny alyp, oýnaşyp ýören çagalaryň hem dostlaşmaga ýardam edýän eken. Duz keramaty ýönekeý dostlugy berk doganlyga öwürýär. Her bir obada zergärleriň otlaňçylaryň giden bir nesliniň kemala gelşi ýaly tamdyrçy ussalar hem köpelipdir. Tamdyry gadymy döwürlerden bäri selinden, ýekenden, buýandan, daşdan, kerpiçden we pagsadan galdyrmak ýörgünli bolupdyr. Ýerli aýratynlyga görä häzirki döwürde hem bu däp dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň günbatar welaýatlarynda we daglyk ýerlerde daşdan we ak kerpiçden tamdyrlar salynýar. Şäherleşen etraplarda we şäher ýerlerinde küýze tamdyrlary has ýörgünli, bulara başgaça “külal tamdyr” hem diýilýär. Ýurdumyzyň gündogar etraplarynda selinden hem-de buýandan tamdyr salynýar. Halkymyzyň hazynasy hasaplanýan Garagum çöli öz baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen belli bolup, onuň esasy ösümlikleriň biri bolan selin we şondan gurulýan tamdyrlar eneler aýtmyşlaýyn örän pugta bolýar. Selni köplenç ýaş ýeleňler ýygýarlar, bu olaryň zähmet taýdan taplanmagyna uly kömek edýär. Tamdyr gurmak üçin guran selin has amatly bolýar. Selin guraýança tamdyr ýeri taýýarlanylýar. Tamdyry arassa we tekiz ýerde salmak sogap saýylýar. Selinden ýasalýan tamdyryň düýbi kerpiçden tutulýar. Külalçylyk senediniň piriniň ýoluna bir tamdyr çörek aýdylyp, sähetli gün tamdyra başlanýar. Tamdyrçy ussa halkyň öran sylanýan adamy hasaplanýar. Ilki bilen işi tegelek çyzyk bilen çyzmakdan başlanýar, soňra çyzygyň üstünden binýatlyk kerpiçler goýulýar. Tamdyr salnanda selni örmek üçin niýetlenen gum ekerançylyk meýdanlardan alynýar. Suw bilen özleşdirilen şeýle gumdan önen palçyga “şykga” hem diýilýär. Bulamak suwuklugyndaky palçyk taýýarlanandan soň bir gysym möçberindäki selin oňa pugta bulanýar. Palçykly selinleriň inçe we ýogyn taraplaryny gezekleşdirip örýän ussa örümleriň berk we pugta bolmagyna üns berýändir. Tamdyr ýasalanda, onuň diňe bir içine däl, eýsem onuň daşynyň tekiz hem-de owadan bolmagyny gazanmaly. Tamdyryň örülişi doly we tekiz ýagdaýda tamdyryň agzyna çenli dowam etdirilýär. Doly örülip gutarylandan soň içki we daşky suwagyna çenli üç dört gün garaşylýar. Tamdyryň içini we daşyny suwamak üçin suw görmedik şor ýerden gum getirilýär. Muňa köplenç ýöne şor hem diýilýär. Şor gum çörekleriň gowy gyzarmagy, arkasynyň keseklenmezligi üçin haýyrlydyr. Bir gün ezip goýlan bu şor gumy arassa ýerde berçinleýärler, muňa başgaça “depgilemek” hem diýilýär. Depgilemezden öň ussalar aýaklaryny ýuwup işe girişýärler. Palçygyň aşagyna uly bir ganar ýazylýar. Ep-eslije basgylanandan soň ganar galdyrylyp palçyk orta toplanýar, şeýdip gezekli gezegine depgilenip hamyr kysmy ýumşaklykdaky suwag palçygy taýýar bolýar. Ussa palçyk taýýar bolandan soň tamdyryň içine girýär. Ussa suwaklyk palçylygy goýmazdan öň tamdyryň içine biraz suw urýar. Soňra ýagşy ýelimläp, eliň aýasy bilen basyp berkidýär. Suw çalyp tekizleýär we ýylmaýar. Tamdyryň daşyna saman ýa-da ýylgynyň püri garylan suwag edilýär, edil içiniň suwalyşy ýaly galyň suwag goýlandan soň biraz guradylyp saman suwag urulýar. Şeýlelik bilen müň bir ýagşy arzuwlar päk niýetler bilen gurlan tamdyr taýýar bolýar, ony doly guratmak üçin uzak wagtlap içinde ot ýakýarlar, oňa başgaça agartmak hem diýýärler Tamdyr agarandan soň ýüzüne şerebeli suw urulýar. Tamdyryň hözürini görüp, mele myssyk çöregiň tarypy düýeýüň saçagyň ähmiýeti baradaky gürrüňler barada aýtmak mährep medrese ýaly mukaddesdir. Türkmençilikde tamdyr gurlup başlandan soň, öýüň rysgal berekedi artýar. Maşgala agzalarynyň haýsy hem bolsa biriniň başy agyrsa ilki bilen ony tamdyryň daşyndan üç gezek aýlaýan ekenler, igli çagany tamdyryň körüginden geçirmek deri keseline duçar bolany tamdyr topragyny çalmak, wagtynda ýöremeýän çagany tamdyra tarap ýörjen–ýörjen etmek ýaly ynaçlaryň bolmagy eýsem tamdyra bolan mukaddes hormatyň gadymdan bäri bardygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýaňy belläp geçişimiz ýaly, tamdyr keramat mukaddesligi barada, onuň çuň manyly taryhy hakda aýtsaň aýdywermelidir. Tamdyryň mukaddesligi barada diňe bir türkmen halky däl, eýsem türki halklaryň aglabasynda hem tamdyr keramatly saýylýandyr. Muny aýdyňlaşdyrýan zat, musulman bolan türki halklaryň öňde soňda öýe, ojaga, tamdyra sarpa goýýandyklary, tagam üçin azygy ýetik gurbatly öýde alawlaýan ody, dirilik we ýaşaýyş dowamaty hökmünde garandyklary bilen bagly döredilen “Tamdyrly öý-döwletli öý”, “Ot astynda bela galmaz”, “Odum bar, oljam bar”, ýaly atalar sözüne kybapdaş özbek we azerbeýjan ýaly ýurtlaryň tymsallarynda duş gelmek bolýar. Ýene-de mysal hökmünde azerbeýjan halkynyň toýunuň däbi dessury toýuň üçünji güni “Dokuzy düzüwlik bilen gazygynda garrasyn” diýen düşünjeden ugur alnyp, täze gelen gelni töwereginde dokuz sany demir çiş kakylan eli kündükli gelni tamdyryň daşyndan aýlaýarlar. Bu bolsa onuň öýe, ojaga bolan hormatynyň kepillendirmesi hökmünde garalmagynyň aýdyň subutnamasydyr. Tamdyr-öý, ojak, ot bilen bagly, şeýle ýörelgeleriniň ählisiniň çuň mana eýe bolmagy türkmeniň durmuş dowamatlylyga bolan düşünjeleriň mukaddeslik derejesidir. Çuňlukda kök uran türkmen mirasynyň ömri näçe uzadygyça, ol türkmen dünýäsine, türkmen kalbyna terlik näziklik çaýýan ylham çeşmesine öwrülýär. Şonun üçin mirasy öwrenmek, onuň manysyna düşünip akyl ýetirmek ynsan kalbyny, ruhy dünýäsini täzeleýär. Pederlerimiziň döreden, guran zatlaryna buýsanyp ýaşaýyşa bolan höwesi artýar.
Bize şeýle ajaýyp zamanada okamana, ýaşamana, döretmäne peşgeş beren türkmeniň milli mirasyny öwrenmäge giň ýol açan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömrleri uzak, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Marýam Ibadullaýewa Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň esasy hünärmen