Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi, dürli ugurlardan kämil baş çykarmaklary babatda giň mümkinçilikleriň döredilmegi olaryň dünýä derejesinde bilim almagyna, giň dünýägaraýyşly bolmaklaryna gönükdirilendir. Okatmagyň interaktiw usullaryndan peýdalanmak mümkinçilikleri bolsa ýaşlaryň ylmyň gazananlaryny üstünlikli özleşdirmegine, ylym äleminde täze oýlap tapyşlaryň döremegine giň şert döredýär. Häzirki döwürde kämil enjamlardan ezberlik bilen baş çykaryp bilmegi ýaşlara ýurdumyzyň senagat taýdan has-da ösmegine goşant goşmaga, baý medeni mirasymyzy içgin öwrenmek bilen bolsa milli däp-dessurlarymyzy geljekki nesillere ýetirmäge, ynsanperwerlik ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmäge ýardam berýär. Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünär taýýarlygy esasynda kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby, pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine, döwletimiziň ösüşine itergi berýän uly güýç bolup hyzmat edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň tamamlanýan günlerinde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitaby çapdan çykdy.
Döwlet Baştutanymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly eseri ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni durmuşyny, halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýan ýaşlar üçin ruhy goldaw bolar.
Merdana ata-babalarymyz çuňňur mazmunly eserleri ykbalyň eçilýän peşgeşi hökmünde görüpdirler. Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly täze kitaby hem pähim-paýhasa, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk hakyndaky öwütlere ýugrulan bu eseri ýaş nesliň aňyna hem-de kalbyna täsir edýän gymmatly ruhy baýlykdyr.
“Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ajaýyp kitaby üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz egsilmezdir. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny, ynsanperwer syýasatyny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň galamy ýiti, halkymyza sowgat eden ajaýyp eseriniň höwri köp bolsun!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň esasy hünärmeni Marýam Ibadullaýewa
Halypam-ussadym Magtymguly sen!
Geçmişden-geljege nazaryn aýlap,
Geljegi duýan Magtymguly sen!
Her söze ýag bilen baly garan deý,
Şygyrlary ýazan Magtymguly sen!
Her şygyryň bu gün göwünleň guşy,
Ganat berýär bize her bir ädimde.
Manydan dok şygyrlary bagş eden,
Köňülleň küýsegi Magtymguly sen!
Öz döwrüň adatyna ulaşyp,
Däp-dessuryň girdabyna çolaşyp,
Şeýdip yşkyň dünýäsinde bulaşyp,
Akgyza çatylan Magtymguly sen.
Magtymguly ýaly ägirtler hakda,
Goşgy ýazsaň ruhuňa-ruh goşular.
Ägirtleň, ussatlaň pikir-paýhasy,
Joşup, bu gün seň aňyňa ýazylar.
Şonuň üçin bu gün halypam hakda
Serdar joşup, bir gazaly döretdi.
Bu gazalym joşup, dünýä ýaň salyp.
Doňup duran ýürekleri eretdi.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow