Şabat etraby Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 18500 gektar ýerde gowaça ösdürip ýetişdirip, ondan bereketli altyn güýzde 40500 tonna ak altyn ösdürip ýetişdirmegi göz öňünde tutýarlar. Häzirki wagtda etrapda gowaçalara ideg etmek bilen bir hatarda öňde duran pagta ýygymynada ykjam taýýarlyk görülýär. Pagta el güýji bilen bir hatarda pagta ýygyjy kombaýynlaryň kömegi bilen ýygnalýar. Häzirki wagtda etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň işçi hünärmenleri şu ýyly pagta ýygymyna gatnaşmagy göz öňünde tutylan kombaýynlary möwsüme taýýarlaýarlar. Kombaýynlara tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň bejergi, abatlaýjy ussalary tarapyndan zerur tehniki hyzmatlar görkezilýär. Ezber elli ussalardan Täjimow Genje, Hudaýbergenow Myrat, Maşiaripow Hasan dagylary görkezmek bolar. Olaryň birleşen tagallalary bilen möwsüme gatnaşmagy göz öňünde tutylan 43 sany kombaýyn birkemsiz abatlanýar.
Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleri bilen bilelikde pagta ýygymy möwsüminde oba zähmetkeşleriniň aralarynda bolup, olaryň armasynyny ýetirmegi, günortanky arakesme wagtynda medeni çäreleri geçirmegi, öňdebaryjylary sylaglamagy göz öňünde tutýarys. Munuň özi möwsüme gatnaşýanlaryň işe boaln höwesini artdyrmaga, pagta ýygymynyň ýokary depginlerde gitmegine mümkinçilik berer.
Çynar Berdikulyýewa. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň esasy hünärmeni.