Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwüründe Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde oba hojalyk pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýerden alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmak, hilini gowulandyrmak barada yzygider alada edilýär. Gallaçy we pagtaçy kärendeçilerimiz döwlet tarapyndan berilýän kömek goldawlaryň netijesinde bereketli türkmen topragyndan bol hasyl öndürmek üçin gujur gaýratyny gaýgyrmaýarlar. Şu günler  Tejen etrabynyň pagtaçy we gallaçy kärendeçileri “Halkara-parahatçylyk we ynanyşmak ” diýip yglan edilen ýylynyň bereketli hasylynyň düýbini berkden tutýarlar. Tejen etraby boýunça 44300 gektar ekilen bugdaý meýdanlarda ýokary hilli agrotehniki çäreleri organiki dökünleri  bilen iýmitlendirmek işlerini geçirýärler şeýle hem 30100 gektar gowaça ekiljek meýdanlarynda häzirki wagtda sürüm işleri tamamlanyp ekişe taýýarlamagyň çäklerinde tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça möwsümine taýýarlyk işleriniň bir näçesi tehnikanyň güýji bilen ýerine ýetirilýär. Tejen etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynda  şu günler gowaça ekijileri abatlamak, bejermek, dikeltmek, şeýle-hem dişli boranalar, malalar, çizelleriň abatlaýyş işleri talaba laýyk alnyp barylýar. Kärhananyň hünärmenleri we abatlaýjy ussalary bu möhüm işi bellenilen möhletde tamamlamagy maksat edinýärler. Bu işleriň ýokary hilli alnyp barylmagy geljekki ýylyň hasylynyň hasda ýokary netije görkezjegine ynandyrýar. 

 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň  Tejen etrap komitetiniň başlygy Ataliýew Annamuhammet