Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Taýýarlyk işleri ýaýbaňlanýar.

S.Türkmenbaşy etrabynyň iri gallaçylyk hojalyklarynyň biri bolan “27-nji oktýabr” daýhan birleşiginde  güýzlik bugdaýyň ekiş möwsümine taýýarlyk işleri barha giň gerim alýar. Daýhan birleşigiň gallaçy kärendeçileri bu ýyl 1200 gektar meýdanda güýzlik bugdaý ekmegi göz öňünde tutýarlar. Hojalykda täze ýylyň bugdaý hasyly üçin ekişe taýýarlyk işine,  şu ýylyň  bugdaý hasyly ýygnalandan soň bada-bat girişdiler. Samandan arassalanan ýerlerde şüdügär sürümi, ýeňil tekizlemek, çil çekmek işleri barha gyzyşýar.

Bu işlerde daýhan birleşigi boýunça 6-sy netijeli işledilýär. Gallaçy kärendeçileriň samandan arassalanan ýerlerinde Täşli Baýlyýew, Meretdurdy Amannazarow, Magsat Mamyşow, Rejepdurdy Agamedow ýaly traktorçylar önjeýli zähmet çekýärler.  Olar tekizlemek, çil çekmek işleriniň bol hasylyň girewidigine düşünmek bilen, ýerine ýetirýän işlerine aýratyn jogapkärçilikli çemeleşýärler.

Daýhan birleşiginde güýzlik bugdaýyň ekiljek ýerlerine tagt suwuny tutmak, ekiş geçirmek işleriniň wagtynda we gowy hilli geçirilmegini üpjün etmek üçin taýýarlyklaryň depgini gowşadylman dowam etdirilýär.  Bu işleriň agrotehnikanyň talaplaryna laýyk geçirilmegine hünärmenler tarapyndan yzgiderli gözegçilik edilýär.

                                                              

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň  hünärmeni  Maýsa Öwezowa