S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti ýurdumyzda iri pagtaçylyk hojalyklaryň biri hökmünde tanalýar. Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň işçileri ýakynlaşyp gelýän gowaça ekişi möwsümini hemme taraplaýyn taýýarlykly garşylamak ugrunda aladalanýarlar.
Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda gowaça ekişinde işlediljek sürüm traktorlaryň 21 sanysy bolup, olaryň ählisi möwsüme doly taýýar edildi. Şeýle hem möwsümde ulanyljak gowaça ekijileriň 12 sanysy doly abatlanylyp, taýýarlyk hataryna çykaryldy. Şonuň ýaly-da möwsümde ulanyljak pluglaryň 21 sanysy, çizelleriň 18 sanysy, kültewator 16 sanysy we beýleki oba hojalyk enjamlary bir hatar gözden geçirilip abatlanyldy.
Kärhananyň ussahanasynda dürli ugurlara ýöriteleşen ussalaryň ençemesi bolup, olar gowaça ekişi möwsüminde ulanyljak tehnikalary, oba hojalyk gurallaryny abatlamakda aýratyn yhlaslylyk görkezdiler Narmet Gulmanow, Allabergen Genjäýew, Nowruz Reýimbaýew, Ylham Rozybaýew ýaly ussalar diňe bir öz kärine erk edýän ussalar bolman, eýsem ýaşaryň hem halypalary bolup durýar.
Kärhanada gowaçanyň ekişine taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Kärhanada gowaçanyň ekişi mösüminde ýüze çykmagy mümkin bolan bökdençiliklere garşy ätiýaçlyk çäreleri hem görülýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Şabat etrap komitetiniň başlygy Akmyrat Garajaýew