Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Taýýarlykly garşylanylýar.

Biziň Daşoguz welaýatymyz  “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ak altynyň bereketli hasylyny ýetişdirmek üçin 140 müň gektar ýerde gowaçanyň idegini kemsiz ýerine ýetirýärler. Daşoguz welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň işi bolsa möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen bagly bolup şu ýylky ýetişdirilen hasylyň 98 göterimini tehnikayň güýji bilen çalt we ýitgisiz ýygnamaklyga uly üns berýär. Şonuň üçin ekinleriň ekilýän we hasyl ýygnalýan döwürleri aýratyn gyzgalaňly möwsümlere degişlidir. Welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň  işçileridir mehanizatorlary işiň gyzgalaňly möwsümlerini aýratyn taýýarlyk bilen garşylamagy adat edindiler.

Ynha bu ýylyň ýene bir gyzgalaňly möwsümi, pagta ýygym möwsümi hem ýetip gelýär. Munyň üçin taýýarlyk işlerine has irki möhletde girişildi. Welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginde “John deer” kysymly pagta ýygýan kombaýynlaryň 205 sanysy bolup, olaryň 149 sanysy, pagta ýygýan taktorlaryň 137 sanysy bolup, 125 sanysy möwsüme taýýar edildi. Gowaçalaryň ýapragyny düşürmek işinde ulanyljak derman pürküjileriň 137 sanysy bolup , olaryň ählisi doly abatlanyldy.

Şu günler Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň  ussalarydyr işçileri pagta ýygymy möwüminde ulanyljak tehnikalardyr gurallary abatlamaga möwsüme taýýarlamak işlerini gyzgalaňly dowam etdirýärler.

Oba hojalyk önümçilik birleşiginde  dürli ugurlara ýöriteleşen tejribeli ussalaryň onlarçasy bar. Täçmyrat Ataşow, Hemra Sapardurdyýew, Ýalkapberdi Aşyrow  ýaly mehonizatorlar özleriniň erk edýän kombaýynlaryny kärhananyň ussalaryna abatladyp möwsüm üçin taýýar etdiler. Öz kärlerine ezberlik bilen erk edýän ussalar pagta ýygýan kombaýynlary abatlamagy dowam eýärler. Olar ýaş işçilere öz tejribelerini öwretmekde hem aýratyn yhlaslylyk görkezýärler.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň ilkinji guramasy kärhanada pagta ýygymyna taýýarlyk işleriniň barşyny gündelik üns merkezinde saklamak bilen işleriň ilerlemegi üçin dürli guramaçylyk işlerini alyp barýar. Tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilşini hemişelik gözegçilikde saklap, işçilerimiň iş durmuş şertleri dogrusynda aladalanylýar.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň esasy    hünärmeni:   Gurbangül Baýramkulyýewa.